Şu gün irden Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Üçajy obasynda -26,2° C temperatura hasaba alyndy. Bu barada «Meteojurnal» habar berýär.
Häzirki wagtda tutuş ýurtda adatdan daşary sowuk howaly günler dowam edýär.
Subtropiki Esengulyda şu gün irden temperatura noldan -10,8 dereje aşaklady. Bu rekord görkezijidir. Bu ýerde günüň iň pes temperaturasy 1935-nji ýylda -7,5° bolupdyr.
Türkmenabatdaky howanyň temperaturasy -22°-e ýetdi we bu görkeziji 1974-nji ýylda -16° diýlip bellenilen günüň iň pes temperaturasyndan ýokarydyr.
Sarahsda hem iň pes temperatura boýunça öňki rekord netijeler täzelendi. Häzirki wagtda ol ýerdäki temperatura -17,9° C deňdir. 1977-nji ýylda bu ýeriň iň pes temperaturasy -11,4° C diýlip hasaba alynypdyr.
Çeşme şeýle sowuk howanyň Türkmenistanda 2008-nji ýylda hem bolandygyny, emma muňa garamazdan, şol ýyl temperaturanyň häzirki döwürden has pes bolandygyny belleýär.
Mundan ozal, Mary welaýatynyň çäginde adaty bolmadyk aýazly howanyň boljakdygyny habar beripdik.