Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda adatdan daşary sowuk howa garaşylýar

21:0305.01.2023
0
109871

Türkmenistanyň hemme ýerinde adatdan daşary sowuk howanyň bolmagyna garaşylýar. «Meteojurnal» habar gullugynyň habaryna görä, 9-njy ýanwarda ýurduň demirgazygyna, 10-njy ýanwarda bolsa günorta sebitlere sowuk howa akymy aralaşar.

Käbir sebitlerde howanyň kadasyndan 10 — 16 dereje pes bolmagyna garaşylýar. Şeýle sowuk howa ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam eder.

Demirgazykda 15 — 20 gradusa çenli, käbir ýerlerde -20 gradusa çenli aýazly howanyň bolmagyna garaşylýar.

Çeşme, hatda günortada (günorta-günbatardan başga) iň pes temperaturanyň -10 gradusdan hem pes boljakdygyny çaklaýar.

Mundan ozal, Russiýanyň Ýewropa çäginden we Gazagystanyň günbataryndan işjeň hereket edýän Arktikada howa akymy sebäpli, yssy günlerden soň Türkmenistanda ýiti sowuklyga garaşylýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň