Ruslan Mingazow «Kitçi» futbol kluby bilen täze şertnama baglaşdy

13:3312.01.2023
0
48586

Gonkongyň «Kitçi» futbol kluby toparyň türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berdi. Täze şertnamanyň möhleti 2025-nji ýyla çenli hasaplanýar.

Ruslan Mingazow: «Men «Kitçi» bilen täze şertnama baglaşanyma örän begenýärin. Bu ýeri maňa, meniň maşgalama örän ýarady. Gonkongda bary-ýogy ýarym ýylymy geçirenem bolsam, edil bäş-alty ýyl ýaşap ýören ýaly. Gonkong hakda gowy ýatlamalarym bar we ýakyn iki ýylda has köp zat gazanmagy umyt edýärin. Mysal üçin, topar bilen çempionlygy gazanaryn» diýdi. Ýarymgoragçynyň sözlerini Gonkong klubunyň metbugat gullugy paýlaşdy.

31 ýaşly Mingazowyň «Kiçä» 2022-nji ýylyň martynda goşulandygyny ýatladýarys. Ruslan gatnaşan 18 oýnunda 13 gol geçirip, birnäçe gezek toparyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň