Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny geçirdi

22:3711.01.2023
0
43033

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de täze taryhy döwürde Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, şeýle-de ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip edýändigini aýtdy.

— Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bes edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Parlamenti) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda belledi.

Maslahatda çykyş eden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň degişli komitetleriniň agzalary teklipleriň goldanylýandygyny nygtadylar.

Maslahatyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly mesele hakyndaky bilelikdäki Karara gol çekdiler.

Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topary döretmek, onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki indiki maslahatynyň 10 günüň dowamynda geçiriljekdigini, şunuň bilen baglylykda, guramaçylyk meselelerini çözmek üçin Türkmenistanyň Prezidentine degişli hatyň ýollanyljakdygyny, makullanylan halatynda, guramaçylyk taýdan işe girişiljekdigini belledi.

Şeýle-de indiki geçiriljek maslahatda agzalan topar tarapyndan taýýarlanyljak Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, onuň käbir maddalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky konstitusion kanunlaryň taslamalaryna seredilip, olaryň kabul ediljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň