Kristrun Frostadottir Hökümet başlygy wezipesine bellenenden soňra, Islandiýada iň ýokary döwlet wezipelerini zenanlar eýeledi diýip, «www3.nhk.or.jp» saýty ýazýar.
36 ýaşly Frostadottir özüniň Hökümet başlygy wezipesine saýlanandygyny geçen şenbede habar berdi. Ol çepçimerkezçi Sosial-demokratik bileleşigiň başlygy bolmak bilen, Islandiýanyň tutuş taryhynda iň ýaş Hökümet başlygydyr.
Geçen aýda bu Skandinaw ýurdunda ählumumy saýlawlar geçdi we Frostadottiriň partiýasy dolandyryjy koalisiýany gysyp çykaran iň iri syýasy güýç boldy. Bu partiýa beýleki iki partiýa bilen bilelikde, koalision dolandyryjy Hökümet düzdi. Häzirki dolandyryjy partiýalaryň ählisiniň ýolbaşçylary zenanlardyr. Ministrler Kabinetiniň täze bellenen agzalarynyň 11-siniň 7-si hem zenanlar boldy.
Islandiýa 15 ýyl bäri Gender deňligi boýunça Bütindünýä ykdysady forumyň ählumumy nutugynda birinji orny eýeläp gelýär.