Türkmenistan daşary ýurtly ýük ulaglaryna sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi, hünär synagynyň netijeleri boýunça dört sany türkmen prokurory wezipesinden boşadyldy, Täjigistanda Magtymguly adyndaky mekdep gurlar

11:4509.09.2022
0
15904

1. Daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdelerine Türkmenistanyň üstünden üstaşyr geçmäge rugsat berildi. Ýük awtoulaglary Türkmenistanyň çägine «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty» BGN, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet serhedinde ýerleşýän «Altyn asyr», «Artyk», «Sarahs» we «Farap» nokatlary arkaly girip bilerler.

2. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow hünär synagyndan geçip bilmedik dört sany prokurory wezipesinden boşatdy.

3. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabyndaky «Ergeş Sultanow» daýhan birleşiginde Magtymgulynyň adyny göterýän 450 orunlyk mekdep gurlar.

4. Daşkentde türkmen ilçihanasynyň işgärleri üçin ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylan 12 öýli ýaşaýyş jaýy gurlar. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda bu jaýyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

5. Türkmenistanly 50 zenan telekeçi ýurdumyzy Bütindünýä söwda guramasyna girizmek işlerini we guramanyň agza döwletler üçin döredýän ýeňilliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça çärä gatnaşdylar.

6. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Şa zenany Ýelizaweta II 97 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 8-nji sentýabrda Ýelizaweta II Balmoralda lukmançylyk gözegçiliginiň astyndady we şol ýerde hem ýogaldy. Ol 70 ýyldan gowrak wagt ýurdy dolandyrypdy. Ýelizaweta II 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda ýigrimi bäş ýaşynda – kakasy patyşa Georg VI-nyň aradan çykmagyndan soň tagta geçdi. Indi Britaniýanyň tagty kanuny taýdan 73 ýaşly şazada Çarlza geçýär.

7. Dubaý we Abu-Dabi täze meta älemiň ilkinji simulirlenen şäherleri boldular. Indi bütin dünýäniň ulanyjylary öýden çykyp, fiziki we sanly dünýäni birleşdirmek arkaly Dubaýyň we Abu-Dabiniň gözel künjekleri hem-de ýadygärlikleri bilen tanşyp bilerler.

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Çehiýada geçiriljek şotokan karate boýunça 12-nji dünýä çempionatyna gatnaşar. Bäsleşik 2022-nji ýylyň 9-11-nji sentýabry aralygynda Pardubise şäherinde geçiriler. Bu bäsleşikde ulularyň arasynda ýeňiş üçin baýrak – 1000 ýewro.

9. Angliýaly Grem Potter Londonyň «Çelsi» futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Ol bu wezipede nemes Tomas Tuheliň ornuna geçdi. Ozal Potter «Braýtona» ýolbaşçylyk edipdi, ondan öň bolsa «Suonsini» we «Estersundy» türgenleşdiripdi. «Çelşi» indiki duşuşygy 10-njy sentýabrda myhmançylykda «Fulheme» garşy geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň