Turkmenportal logo
08.09.22
1964219642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdep gurar
Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdep gurar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň buýurmagynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumy­bilim berýän orta mekdebiň binasynyň (binalar toplumynyň) taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.


Bu baradaky bildiriş türkmen metbugatynda çap edildi.


Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.


Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44 46 64; (+993 12) 44 46 77.