Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykdy

23:2008.09.2022
0
13788

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II düýn — 8-nji sentýabrda 97 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Bukingem köşgi habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Bukingem köşgüniň habarynda: «Şu gün Şa zenany Balmoraldaky köşgünde aradan çykdy» diýlip, aýdylýar.

Ýelizaweta II Beýik Britaniýanyň taryhynda ýurdy iň uzak wagtlap dolandyran Patyşa bolmagynda galýar, ol tagtda 70 ýyl oturdy. Onuň adamsy Şazada Filipp 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde 100 ýaşynyň dolmagyna iki aý galanda, ýurduny täzeledi.

Ýurduň täze Patyşasy Şa zenanyň uly ogly Uels Şazadasy Çarlz boldy we ol tagta çykan dessine Karl III adyny aldy, ol şu gün resmi taýdan Patyşa diýlip yglan ediler. Şa zenanyň ýurduny täzelemegi bilen baglylykda, Beýik Britaniýada 10 günlük matam yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň