Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti hünär synagynyň netijeleri boýunça prokurorlary wezipesinden boşatdy

22:0408.09.2022
0
18982

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutany prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, hünär synagynyň netijeleri boýunça eýeleýän wezipesine laýyk gelmeýändigi sebäpli, 1-nji derejeli ýurist Ruslan Wepakulyýewiç Rebbenakuliýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň prokurory wezipesinden, 1-nji derejeli ýurist Annamyrat Baýramalyýewiç Amangeldiýew Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň prokurory wezipesinden, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nurgeldi Hangeldiýewiç Annageldiýew Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň prokurory wezipesinden, 1-nji derejeli ýurist Atamyrat Husaýynowiç Tölegow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň