Soňky habarlar

Arhiw

Dragon Oil Türkmenistanda iş orunlarynyň döredilendigini yglan etdi, “Altyn asyr” gündogar bazary täzeden işe başlady, Türkmenistanda döwlet eýeçiligine degişli 35 sany desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar

09:3027.04.2022
1
59255

1. Nebiti we gazy gözlemek, gaýtadan işlemek we gazyp almak bilen meşgullanýan Dragon Oil kompaniýasy Türkmenistanda iş orunlarynyň döredilendigini mälim etdi. Hünärmenlerden edilýän talaplar we zähmet şertleri bilen oilgasvacancy.com saýtynyň «Dragon Oil Careers 2022» bölüminde tanşyp bilersiňiz.

2. “Çoganly” ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýän “Altyn asyr” Gündogar bazary doly güýjüne işläp başlady. Türkmenistanyň iň iri bazary sagat 8:00-dan 18:00-a çenli müşderileriň hyzmatynda bolar. Söwda toplumynyň çäginde 2000-den gowrak söwda dükany, daş ýerlerden gelen satyjylar we alyjylar üçin myhmanhana, köpsanly naharhanalar ýerleşýär.

3. 12-nji maýda sagat 10:00-da Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet minitrliginde döwlet eýeçiligine degişli desgalaryň satuwy boýunça auksion geçiriler. Jemi 35 sany desga satuwa çykaryldy. Olaryň hatarynda Daşoguz şäherindäki “Galkynyş” toý mekany, Farapda ýerleşýän limon ýyladyşhanasy, Mary welaýatynyň “Marygurluşykhyzmat” müdirliginiň asfalt önümhanasy we beýleki desgalar bar. Auksion Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýynda geçiriler.

4. Çagalary immunizasiýalaşdyrmak maksady bilen Türkmenistana waksinalar gelip gowuşdy. Waksinalar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýurdumyza getirildi.

5. Aşgabat şäherinde ýerleşýän teatrlaryň dynç günleri üçin niýetlän repertuarlary mälim edildi. 29-njy aprelden 1-nji maýa çenli paýtagyň ýaşaýjylary we mymanlary 20-den gowrak spektakllara tomaşa edip bilerler.

6. Saud Arabystany 2022-nji ýylda amala aşyryljak haj üçin her ýurda düşýän paýy kesgitledi we zyýaratçylaryň her ýurt üçin mümkin bolan mukdaryny yglan etdi. Türkmenistandan haj parzyny 2, 083 adam berjaý edip biler.

Dünýäde

1. SpaceX we Tesla Motors kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask Twitter sosial ulgamyny 44 mlrd amerikan dollaryna satyn aldy. Milliarder bu ulgamy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynam bilen peýdalanyljak jemgyýetçilik platformasyna öwürmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

2. Hytaý ilkinji bolup howa şaryndan kosmosa raketa uçurdy. Sinhaý welaýatynyň demirgazyk-günbatarynda raketa ilkinji gezek geliý howa şarynda atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna çykaryldy. Göteriji raketalaryň Ýerden däl-de atmosferadan uçurylmagy ýangyjy tygşytlaýar we taslamanyň bahasyny arzan bolmagyny üpjün edýär.

Sport täzelikleri

1. «Mançester siti» Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Realdan» üstün çykdy. «Etihad» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 4:3 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Jogap duşuşygy 4-nji maýda Madridde geçiriler.

2. «Ahalyň» oýunçylary AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ahyrky oýnunda Kataryň «Al-Garafa» toparyndan üstün çykdylar. Jidda (Saud Arabystany) şäherinde geçirilen duşuşyk 4:2 hasabynda tamamlandy. «Ahalyň» düzüminde kapitan Arslanmyrat Amanow 3 gezek, Beknazarow 1 gezek tapawutlanmagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň