Amerikaly işewür, “SpaceX” we “Tesla” kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask “Twitter” kompaniýasyny 44 milliard ABŞ dollaryna satyn aldy. Gepleşikleriň jemleýji bölegi düýn boldy.
Bu baradaky resmi habarnamada «Twitter, Inc.” kompaniýasynyň Ilon Maska doly degişli bolýandygy barada gutarnykly ylalaşygyň baglaşylandygyny aýdylýar, ýagny, Mask ady tutulan kompaniýany 44 milliard ABŞ dollaryna satyn aldy.
Mask apreliň ortalarynda bu sosial ulgamy her bir paýnamasy üçin 54,20 dollar töläp satyn almak meýli barada habar beripdi. Işewür geljekde “Twitteriň” söz azatlygyny aňlatmakda dünýä platformasy hökmünde mümkinçiliklerini giňeltmegi meýilleşdirýär.
“Bloomberg” neşiriniň ýazmagyna görä, häzirki wagtda Ilon Maskyň emläge 266 milliard ABŞ dollaryna deňdir.