Günorta Afrika Respublikasynyň kanuny paýtagty Keýptaundaky iri ýangynda 200-e golaý ýaşaýyş jaýlary ýandy, ýüzlerçe raýatlar öýsüz galdy diýip, «rg.ru» ýazýar. Ýangynyň çarşenbe güni ir säherde bikanun gurlan ilatly ýerde başlanandygy habar berilýär.
Soňky hepdede Keýptaunda ýangynyň onlarça ojagy hasaba alyndy. Bir adam gurban boldy, müňlerçe adam öýsüz galdy.
Keýptaunyň eteklerinde kerpiç jaýlar garyp külbeler bilen goňşy ýerleşýär. Şeýle etraplarda ýangyn we sil howpy örän ýokary diýlip, habarda aýdylýar.