Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmez-ýitmez eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän türkmenistanlylar gatnaşdy.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baýram Akatow, şu ýokary okuw mekdebiniň talyplary Gülnahal Seýitkulyýewa we Nazary Bidel Wahid Nazar, Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet bölümiň bagşysy Ören Atakow, Darganata etrabynyň ýaşaýjylary Öwez Gurbanýazow we Nurguly Ýagmyrow, Hojambaz etrabyndan Bazar Şalyýew we Çaryýar Pirimkulyýew, Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Akmyrat Jumaýew, Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirow ýeniji diýlip yglan edildi.