Soňky habarlar

Arhiw

Mançesterliler final tapgyra az-kem golaýlady

02:4027.04.2022
0
4394
Mançesterliler final tapgyra az-kem golaýlady
Surat: sports.ru

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň «Mançester Siti» bilen Madridiň «Realynyň» arasynda bolan ilkinji duşuşygy 4:3 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaryşyň gyzgalaňly dowam edýän bu möwsüminde iňlis we ispan toparlarynyň arasynda geçýän ýarym final duşuşyklarynyň nobatdakysy gollara baý boldy. «Mançester Siti» toparynyň öz meýdançasynda («Etihad» stadiony) Madridiň «Realyndan» üstün çykmagy iňlis toparyny final tapgyra azda-kände ýakynlaşdyrýan hem bolsa, bu ýeňiş «şäherliler» üçin umumy üstünligi ýeterlik derejede kepillendirip bilmeýär. Şonuň ýaly-da, indiki duşuşyk Çempionlar ligasynda soňky tapgyrlarda madridlileriň «gahrymançylyk» görkezýän «Santiago Bernabeu» stadionynda geçirilýär.

Duşuşygyň rumyniýaly baş emini Iştwan Kowaçyň jürlewüginden soň badalga berlen oýun 90 minutlyk täsinlige tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Eýýäm duşuşygyň 2-nji minudynda Kewin de Bruýne hasaby açan bolsa, 11-nji minutda Gabriýel Žesusyň geçiren goly topary ýene-de öňe saýlady. Soňra 33-nji minutda Karim Benzemanyň goly «Realyň» janköýerlerini ruhlandyrdy. Fil Fodeniň 53-nji minutda, Winisiýusyň 55-nji minutda tapawutlanmagy bilen hasap 3:2 boldy. 74-nji minutda Bernardo Silwanyň goly, 82-nji minutda hem Karim Benzemanyň 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlanmagy ahyrky hasaby mälim etdi.

Has özüne çekiji duşuşyk entek öňde. Ýarym final tapgyrynyň birinji duşuşygynyň netijesinde final tapgyryna gatnaşjak topar 5-nji maýda Madridde jogap oýnunda belli bolar.

Belläp geçsek, bu gün agşam ýarygije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da bolsa UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň ikinji duşuşygy — «Liwerpul» bilen «Wilýarealyň» arasyndaky duşuşygyň ilkinji oýny bolar.

UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym final duşuşyklarynyň umumy tertipnamasy we wagty:

«Mançester Siti» — Madridiň «Realy» – 4:3 (tamamlandy);

«Liwerpul» — «Wilýareal» – 28-nji aprel, sagat 00:00-da başlanar.

Jogap duşuşyklary:

Madridiň «Realy» — «Mançester Siti» – 05.05.2022ý.

«Wilýareal» — «Liwerpul» – 04.05.2022ý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň