Geçen aýda Azerbaýjana syýahat eden türkmenistanly jahankeşdeleriň sany 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31 göterim ýokarlandy. Bu barada Azerbaýjanyň Statistika agentligine salgylanyp, «Trend» ýazýar.
Çeşmäniň bellemegine görä, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda 3 müň 163 sany Türkmenistanyň raýaty Azerbaýjana syýahat edipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 31 göterim köpdür.
Şeýle-de hasabat döwründe Azerbaýjana Merkezi Aziýa ýurtlaryndan baran syýahatçylaryň sany hem 31 göterim artyp, 16 müň 503-e deň bolupdyr.
Ýeri gelende bellesek, ýylyň başyndan bäri, Azerbaýjana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 27,2 müňe barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň 10 aýyndakydan ep-esli ýokarydyr.