Täze Zelandiýanyň Parlamenti ýurduň «Maori partiýasyndan» bolan deputatlaryň däp tansyny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda, işini togtatmaly boldy.
Parlamentde ýurduň asyl maori halkynyň statusy barada düzgüni öz içine alýan kanun taslamasynyň birinji okalyşygy geçýärdi. Resminama laýyklykda, ýurduň çäginde ýaşaýanlaryň ählisi kanunyň öňünde deň bolmalydy. Bu düzgün 1840-njy ýyllarda britan täjiniň maoriler bilen ylalaşygyndan tapawutlanýardy we asyl halkyň wekilleriniň köpüsi öz hukuklaryny öňküsi ýaly saklap galmak isleýärdiler. Bu barada «New Zealand Herald» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Kanun taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýarka, «Maori partiýasyndan» bolan deputatlaryň birnäçesi ýerlerinden turup, maorileriň harby «haka» tansyny ýerine ýetirmäge başladylar. Ýygnak saklandy. Wekiller palatasynyň başlygy deputatlaryň tansyna «elhenç» we äsgermezlik hökmünde baha berdi. Ondan soňra kanun taslamasy birinji okalyşykda kabul edildi.