Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wi-Fi barada köpleriň bilmeýän 5 fakty

0
71307

Wi-Fi her birimiziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Biz ony öýde, işde, köpçülik ýerlerinde, umuman ähli ýerlerde diýen ýaly ulanýarys, hatda kafeleri hem simsiz internetiň elýeterliligine esaslanyp saýlaýarys. Şeýle-de bolsa, bu tehnologiýanyň köp tarapy barada bilmeýäris. Wi-Fi barada 5 sany gyzykly faktlara seredip geçeliň.

«Wi-Fi» — bu gysgaldylan söz däl

Köpler muňa gysgaldylan söz, ýa-da başgaça aýtsak, abbrewiatura diýip düşünýän bolsalar, ol dogry pikir däl. Ilki bilen, simsiz internet IEEE 802.11 protokolyny ulanyp işleýärdi, ýöne bu at gündelik ulanmak üçin göwnejaý, aýtmak üçin oňaýly bolmansoň, satyjylar Hi-Fi (High Fidelity) adalgasyny ulanyp has özüne çekiji ady döretmek kararyna geldiler. Birnäçe wagtlap Wi-Fi-y «Wireless Fidelity» diýip atlandyrmaga synanyşan hem bolsalar, bu at köpçüligiň arasynda ýer tutmady.

Wi-Fi-yň döremeginde Golliwudyň aktrisasynyň tagallasy bar

Golliwudyň geçen asyryň 40-njy ýyllarynyň meşhur aktrisasy Hedi Lamar Wi-Fi tehnologiýasynyň ösmegine möhüm goşant goşdy. Ol «bökýän ýygylyklar» diýlip atlandyrylýan maglumat geçiriş usulyny oýlap tapdy. Bu tehnologiýa maglumat geçiriş kanallaryny üýtgedip, radio tolkunlarynyň üsti bilen maglumatlary ygtybarly geçirmäge mümkinçilik berdi. Ilkibaşda oýlap tapyş harby maksatlar üçin niýetlenilen hem bolsa, soňlugy bilen häzirki zaman Wi-Fi tehnologiýasynyň esasyny düzdi.

Häzirki Wi-Fi Awstraliýada döredildi

Jon O’Salliwan gara deşikleriň radio signallaryny ýüze çykarmak üçin çylşyrymly matematiki deňlemeleri döretdi. Onuň bu ilkibaşdaky synanyşyklary netije bermedik bolsa hem, bu çemeleşme 20 ýyldan soň CSIRO barlaghanasynyň alymlarynyň toparyna Wi-Fi-yň ilkinji wersiýasy bolan — 802.11 protokolynyň esasyna öwrülen radio tolkunlaryndan maglumat geçirmek tehnologiýasyny döretmäge ýardam etdi.

Wi-Fi iki ýygylykda işleýär

Ilki-ilkiler Wi-Fi diňe 2,4 GGs-da işleýärdi. Emma köp sanly öý enjamlarynyň we beýleki routerleriň işlemegi sebäpli, bu ýygylyk köplenç aşa ýüklenýärdi. Bu meseläni çözmek üçin ýüklenen torlardaky birikmeleriň hilini ýokarlandyrýan 5 GGs ýygylygy girizildi.

Wi-Fi geçirmegiň uzaklygy boýunça rekord — 382 kilometr

Wenezuelaly gözleg geçiriji Ermanno Pietrozemoli Wi-Fi arkaly iň uzak aralyga maglumat geçirmekde dünýä rekordyny goýdy. Ol «Intel» kompaniýasy tarapyndan öndürilen iki sany antennany biri-birine tarap bakdyryp ulanmak arkaly 3 Mbit/s tizlikdäki interneti 382 kilometr aralykdan paýlaşmagy başardy.

Bu faktlar her gün ulanýan Wi-Fi tehnologiýamyzyň nähili täsin we köpgyraňlydygyny görkezýär. Wi-Fi tehnologiýasynyň Golliwudyň ýyldyzlaryndan awstraliýaly alymlara çenli geçen taryhy ýoly garaşylmadyk öwrümlerden we açyşlardan doludyr.

Peýdalanylan çeşmeler: vc.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar