Türkmenistan 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Özbegistana syýahat etmäge baran raýatlarynyň sany boýunça ilkinji onlukdan orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Hasabat döwründe 142,5 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edip, Türkmenistan bu ugurda altynjy orny eýeläpdir. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,5 esseden gowrak köpdür. Has takygy, 2024-nji ýylyň 5 aýynda goňşy ýurda 53,8 müň sany türkmenistanly jahankeşde barypdy.
Şu ýylyň 5 aýynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça öňdäki bäşlikde Gyrgyz Respublikasynyň (1,28 million), Täjigistanyň (993,7 müň), Gazagystanyň (889,6 müň), Russiýanyň (334,3 müň) we Owganystanyň (199,2 müň) ady bar.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Özbegistana 4,2 million syýahatçy barypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 48,2 göterim ýokarydyr.