Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Aşgabatda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly dowam edýär. Kinofestiwala gatnaşmak üçin türki döwletlerden gelen tejribeli kino işgärleri Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplar bilen duşuşyp, ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, döredijilik duşuşygyna gatnaşan türki dilli döwletleriň kino wekilleriniň arasynda Mete Soýdan, Altynaý Nogerbek, Anarkul Nazarkulowa, Mammadli Aghasi Sara Saad Han, Rejep Renan Bilek ýaly sungat ussatlary bar. Olar talyplara baý iş tejribeleri barada gürrüň berdiler.
Kinematografiýa filmleri öndürmäge, köpçülige görkezmäge, ýaýratmaga we saklamaga gönükdirilen, döredijilik, önümçilik, ylmy-tehniki, bilim-maglumat, aň-bilim işini öz içine alýan medeniýetiň bir ugry bolup durýar. Ol kino sungaty, kino ýyl ýazgysy, kinotaslama, film, filmiň öndürilmegi ýaly ugurlardyr düşünjeleriň ençemesini özünde jemleýär.
Guramaçylykly geçirilen ussatlyk sapaklary bu ugurdaky häzirki zaman tejribeleri, türki döwletlerde kino sungatynyň düýni, şu güni we ertiri, onuň giň mümkinçilikleri barada pikir alyşmakda netijeli meýdança öwrüldi. Onda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplary aldylar.
Ýeri gelende, festiwala gabatlanyp, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binýadynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bilen bilelikde «Wagtyň akymyndan hem öňe...» atly dokumental filmiň surata düşürilendigini hem bellemelidiris.
Şeýle hem festiwala gatnaşyjylar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler.