Turkmenportal logo
13.11.24
1901319013
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen pälwanlary Hytaýda «Guşak we ýol» ady bilen geçirilen ýaryşda 4 medal gazandylar
Türkmen pälwanlary Hytaýda «Guşak we ýol» ady bilen geçirilen ýaryşda 4 medal gazandylar

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça türgenleri Hytaýyň Sian şäherinde tamamlanan «Guşak we ýol» halkara bäsleşiginde dört medal gazandylar. Türkmenistanyň ýygyndysynyň pälwanlary bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar.



86 kg agram derejede Döwlet Orazgylyjow altyn medala mynasyp boldy. Ýaryşyň kümüş medalyna Zyýamuhammet Saparow (125 kg çenli) miýesser etdi, bürünç medallary bolsa Perman Hommadow (70 kg çenli) we Şatlyk Hemeläýew (97 kg çenli) gazandy.



Ýaryşa Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, ýagny Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, şeýle hem Azerbaýjanyň we beýleki ýurtlaryň pälwanlary gatnaşdylar.