Soňky habarlar

Arhiw

«Dragon oil» 9 sany täze boş iş orunlaryny açdy

18:2726.04.2022
1
131099

Türkmenistanda nebit we gaz gözlegini, işläp çykarma we gazyp alma işlerini alyp barýan «Dragon oil» kompaniýasy boş iş orunlarynyň bardygyny mälim edýär.

Kompaniýanyň nazarda tutýan zerur hünärmen wezipeleri we olaryň iş şertleri bilen oilgasvacancy.com web sahypasynyň «Dragon Oil Careers 2022» bölüminde giňişleýin tanyşmak bolýar.

«Dragon oil» kompaniýasy häzirki wagtda Türkmenistanda Önümçiligi paýlaşmak şertnamasy esasynda işleýär. Kompaniýanyň esasy ýola goýýan işi 2000-nji ýylyň maý aýyndan bäri üstünlikli işleýän Jeýtun we Jygalybeg nebit ýataklaryny (Çelekeniň şertnamalaýyn territoriýasy) ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu döwürde «Dragon oil» kompaniýasy umumylykda 8 milliard ABŞ dollarlyk möçberde maýa goýum goýdy. Kompaniýanyň işgärleriniň köpüsiniň Türkmenistanyň raýatlarydygy bellärlikli ýagdaýdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
YazgeldiEziz ( 14.10.2022 )

Salam Turkmenportal isgarleri. Menin adym eziz men DragonOil kompaniyasyna giresim gelyar howesim gaty uly. Menin bilyan ugurlarym Kompyuter we kompyuter tehnologiyalary. Onun dasyndan hem php, python progirleme dillerini bilyarin. Ishleyan Frameworklarym Djago we Laravel. Progirlemeden bashym cykyar. GitHub sahypam:https://github.com/bayramgeldiyevichh

659