Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Dabara gatnaşyjylar täze desgada ornaşdyrylan enjamlar we olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap desganyň eýeleýän meýdany 8 gektar bolup, ol dolandyryş we suw arassalaýyş binalaryndan, suw durlaýjy howuzlardan hem-de beýleki binalardan ybaratdyr. Bu bolsa ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.