Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nädip säher bilen şähdaçyk oýanmaly?

0
40006

Säher — täze günüň başlangyjy, ony keýpi sapa oýanmak bilen garşy almagyň özüne ýetik kadaly taýýarlygy bardyr. Şonuň üçinem, biziň täze güni nähili garşy alýandygymyz täze günüň bütin dowamyny kesgitleýär.

Daň-säher gowy halda oýanmaga nähili usullar ýardam berip bilýärkä?

Muňa iragşamdan taýýarlyk görmek. Ýeterlik ukyňyzy alsaňyz, şähdaçyk oýanmagam ýeňil bolar. Amerikan Milli Uky Gaznasy tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesi adamyň özüni gowy duýmagy üçin 7 sagatdan 9 sagada çenli ukusyny almalydygyny görkezdi. Mundan başga-da, iň netijeli ukynyň gije sagat 22:00-dan 02:00-a çenli aralykda bolup geçýändigi ylmy taýdan subut edildi.

Ýatmazdan ozal, suwa düşüň ýa-da duş kabul ediň, ähli meseleleriňizi ahyrlanýan günde goýmaga synanyşyň. Günüň dowamynda bolup geçen ýakymly we gyzykly zatlary aňyňyzda aýlaň. Oňat şemalladylan otagda ýatyň.

Budilnikde ruhuňyzy göterýan aýdymy belläp goýmak hem oýanan mahalyňyz keýpiňize oňyn täsir eder, pozitiw duýgularyňyzy oýarar.

Dürli geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, adam saglygy üçin ilkinji gezekde oýanmak peýdalydyr. Her 10 minutdan duýduryş berýän budilnigi meýilleşdirýän bolsaňyz iň soňunda oýanan mahalyňyz gaharlanmagyňyz we aljyraňňy hala düşmegiňiz ahmaldyr.

Şu sebäplere görä, ertirlik edinmegi unutmajak boluň:

  • daş keşbiňize seredýän bolsaňyz, özüňizi ýakymly bir zat bilen bejerip bilersiňiz;
  • ertirlik üçin iýilýän nahar beden tarapyndan günortanlyk we agşamlyk naharyndan has gowy siňýär;
  • Tagamly we dogry taýýarlanylan ertirlik nahary diňe bir günüň dowamynda bedene energiýa bermek bilen çäklenmän, adamyň psihologiki we emosional ýagdaýyna hem oňyn täsir edýär.

Kofemi ýa-da çaý?

Täze gözlegler oýananymyzdan soň bir sagadyň dowamynda bedenimiziň “stres gormony” bolan kortizol öndürýändigini görkezýär. Bu gormon bedeni işlemek üçin zerur energiýa bilen üpjün edýär.

Emma welin kofedäki kofein kortizolyň önümçiligini bökdeýär. Netijede, bedenimiz dikelmek üçin has köp wagt sarp edýär hem-de özümizi has uzak wagtlap oňaýsyz duýýarys. Ilkinji bulgur kofeni irden sagat 10-dan soň içmek gowy bolar.

Ertirlik nahary mahalynda çaý içmek maslahat berilýär.

Säherki ýörelgelere başlaýarys. Bu — sowuk duş kabul etmek, audiokitap diňlemek, ýönekeý maşklar, dem alyş maşklary, ýoga we ş.m bolup biler.

Ýakynlaryňyza hökmany wagt aýryň. Bilelikde naharlanmak, gujaklaşmak we işe gitmegiň öň ýanynda ýakynlaryňyzy garsa gujaklap sagbollaşmak täze günüňizi iň ajaýyp pursatlara beslär.

Her günüňiz üçin şat boluň, öz keýpiçaglygyňyzy özüňiz dörediň.

Peýdalanylan çeşmeler: www.marieclaire.ru; mir24.tv; the-challenger.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar