Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tehnologik ösüşler nirelere getirdi: Çagalaryň smartfona bolan islegini nädip ýeňmeli

0
60672
Tehnologik ösüşler nirelere getirdi: Çagalaryň smartfona bolan islegini nädip ýeňmeli
Surat: kp.ru

Çagalar smartfon ýaly enjamlara ýeňillik bilen erk eden mahaly olaryň hossarlaryna çaga baradaky öwgüli sözlerini aýdýarlar. Täze çykan enjama düşünýän bolsa, diýmek, çaganyň aň-düşünjesi ösýändir diýlip pikir edilýär.

Bu bir tarapdan şeýle-de bolsa, çaga psihologlarynyň pikiriçe, elleri «smartfonly doglan» çagalar bu enjamlara bagly bolmagy endik edinýärler we daş-töweregindäki dünýä bolan gyzyklanmalaryny ýitirýärler. Şeýle çagalara deň-duşlary bilen umumy dil tapmak has kyn düşýär, görüşleri we ukulary ýaramazlaşýar, netijede çaga nerwli bolýar.

Şeýlelik bilen, ilkinji nobatda şeýle sowal bilen ýüzlenip göreliň: Çaga bu zatlary kim öwredýär? Munuň jogaby ýönekeý, çaga ene-atanyň işine päsgel bermezligi üçin, başgaça aýdylanda, ony «işini» dowam etmäge goýmagy üçin ene-atalaryň özleri çagasyna gymmatly enjamlary alyp berýärler.

Surat:littleone.com

Şonuň üçinem çagalarynyň enjam keseline uçramazlygyny nazarda tutup, ene-atalar bu ýagdaýa uýgunlaşmazlygy özlerinden başlamaly!

Görelde görkeziň — telefony diňe zerur bolan mahaly ulanyň.

Çaganyň elinden smartfony gaňryp almak ýalňyş bolar, çünki beýle etmek bilen ene-ata çagasy bilen düşünişmezlik ýagdaýyna girip, bolanja ynamyny hem ýitirmergi mümkin. Döwrebap çaga üçin enjamlaryň dostlary bilen aragatnaşyk saklamak we okuw üçin peýdaly maglumatlaryň çeşmesidigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şeýle-de bolsa, planşetiňizi we smartfonuňyzy ulanýan wagtyňyzy çäklendirmek we berk gözegçilikde saklamak ýerlikli bolar.

Surat:leefco.ru

Heniz 2 ýaşamanka çaganyň eline enjamlary bermek düýbünden ýalňyşdyr. Hünärmenleriň pikirine görä, bu ýaşda hatda öwretmek maksatly oýunlar hem peýda berip bilmeýär. Käbir programmalara açar sözüni goýuň, güýmenje programmalaryny bolsa doly aýyryň, az sanlyja bilim we öwrediji programmalary we oýunlaryny goýsaňyz, çaga peýdasyz oýunlara bolan gyzyklanmasyny tiz ýitirer, netijede bolsa telefony oýnamakdan kem-kemden el çeker.

Nädip çaganyň smartfondan ünsüni sowmaly? — Edil şol kysmy başga bir zady teklip etmeli.

1-nji usul.

Oýunlaryň ornuny tutjak zat gyzykly we üns çekiji bolmaly. Bu babatda çagaňyz bilen maslahatlaşyp, özüne laýyk täze güýmenje saýlaň. Muňa sport mekdepleri we döredijilik gurnaklary mysal bolup biler. Çaga ol ýerlerde özüne dost tapyp biler, sapagyny gyzyklandyryp geçýän tälimçi ýa-da mugallym bolsa çagaňyzyň üns bilen diňlejek täze ýol görkezijisine öwrülip biler.

2-nji usul.

Ýaltalyk etmejek boluň, boş wagtyňyzy mümkin boldugyndan çagaňyz bilen geçiriň. Bilelikdäki dynç alyş çärelerini meýilleşdiriň: kinoteatra, teatra ýa-da konserte gitmek, seýilgähde ýa-da oýun meýdançasynda gezelenç etmek, welosiped sürmek, öýde döredijilik işleri bilen meşgullanmak, oýun oýnamak, kitap okamak ýa-da nahar bişirmek we ş.m. Bularyň hemmesi ene-atanyň fantaziýasyna bagly täsirli hem-de ysnyşdyrýan zatlardyr.

Surat:moneypapa.ru

3-nji usul.

Täze öý haýwanyny alyp, oňa ideg etmegi bolsa ogluňyza ýa gyzyňyza tabşyrsaňyz hem gowy bolar. Dogry, bu usul bilen ähli ene-atalaryň ylalaşmazlygy ahmal. Ýöne, çaga haýwanlara mähirli çemeleşmelidigini, olary goramalydygyny öwretmek çagada duýguçyllygy ösdürýär. Ol haýwana seretmegi uly jogapkärçilikli zat hökmünde kabul etmelidir.

Telefondan el çekmegi nädip öwrenip bileris

Enjamlary durmuşyňyzdan dolulygyna aýryp bilmersiňiz, aslynda munuň zerurlygam ýok. Telefony ulanmakda özüňi wagt bilen çäklendirmekden başga-da, ýöräniňizde, nahar iýip otyrkaňyz, myhmanlar gelende we ş.m. ýagdaýlarda ony ulanmajak boluň. Özüňize islendik ýagdaýda, mysal üçin eneňi görmäge baran mahalyň telefony näme üçin ulanmaly däldigini ýatladyp dursaňyz bu ýagdaýa dogry endik edersiňiz.

Surat:ya-roditel.ru

Şeýle-de, psihologlar telefon  meselesinde «erkin zolaklary», ýagny smartfon ulanmak bolmaýan otaglary döretmegi maslahat berýärler.

Bu peýdaly çäklendirmeler, has takygy peýdaly gündelik durmuş endikleri babatdaky ýörelgeler maşgala bolup berjaý edilse, öz-özünden ýola goýlup gidýär. Oňa maşgala bolup umumylykda çemeleşmeli!

Çagaňyzyň durmuşyny süýji günler, ajaýyp pursatlar, gyzykly wakalar bilen doldurjak boluň. Aýratynam, oňa mahal-mahal ene-atasy bilen gepleşip oturmagy endik etdirseňiz uly ýeňiş gazandygyňyz bolar.

Peýdalanylan çeşmeler: eduportal44.ru; aif.ru; lady.mail.ru; ihappymama.ru; matclass.ru; mel.fm; riatomsk.ru

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar