Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagany okuwa gitmäge nähili usullar bilen höweslendirmeli

1
102615

Çaganyň okuwa gitmekden ýüz öwrüp durmagy — köp ene-atalara gabat gelýän ýagdaý. Munuň sebäbi nämedekä? Birinjiden, gün tertibi kada laýyk talap edilýär we çaga okuwyň tertip-düzgünini çylşyrymly görýär, ikinjiden bolsa, synpdaşlary bilen öwrenişmek kyn düşýär.

Islendik çaga synp otagyna gireninden soň, köp sanly adaty bolmadyk endikler bilen çaknyşýar. Bu mugallymy sylaglamak, synp we öý işleriniň birgiden toplumy (olaryň hemmesini hökman ýazmaly we ýat tutmaly!). Okuwda synpdaşlaryň bilenem hemişe agzybir gülşüp-degşip oýnap bolmaýar. Bu ýagdaýda oňaýsyz duýgular döreýär, ählisini hökman ýerine ýetiräýmeli.

Onda çagany nädip okuwa gitmäge höweslendirmeli? Psihologlaryň aglabasy kiçijik oglanjygy ýa-da gyzjagazy okuwa höweslendirmekde mekdebiň onuň ikinji öýüdigini we çaganyň ol ýerde uzak ýyllaryň dowamynda bolmalydygyny düşündirmegi makul çözgüt hasap edýärler. Şonuň ýaly ýagdaýda oňa mekdepde ýürekdeş deň-duşlary gabat gelip, belki-de ol olar bilen bütin ömrüne dostlaşyp ýaşar. Mundan başga-da, onuň köp bilim alyp, has uly adam bolup ýetişjekdigini düşündirmeli (muňa çagalaryň köpüsi ymtylýar).

Iň esasy bilmeli zat, çagany ilkinji günden başlap okuw höweslendirip başlamaly, hyjuwlandyrmaly.

Mekdepde bilim almagyň nähili gowy taraplarynyň bardygy barada durup geçeliň:

Okuwda hatda iň soňky partada oturyp, gürlemegi halaýan edepsiz okuwçynyň hem ýerinde birnäçe bilimleri özleşdirýändigi faktdyr. Täze islendik bir maglumaty kabul etmek — bu eýýäm ösüş.

Biziň hemmämizem çaga bolup göremizsoň, mekdepde ýa-da uniwersitetde geçirilen hoş wagtlaryň ömrüň iň ajaýyp günleridigini kiçilikden bäri eşidip gelýändiris. Çagalar durmuşyň gatnaşyklaryny kiçi ýaşyndan başlap, öz tejribesinde  öwrenip başlaýarlar.

Mysal üçin, mekdepde geçilýän okuw sapaklary çaganyň geljekde nähili kärde işläp biljekdigini belli bir derejede kesgitleýär. Ine, ol şu ýerde-de dürli hili ylymlar bilen tanşyp, olaryň nämäni öwredýändigini bilýär.

Köplenç çagada şeýle pikir döräp bilýär: «Eger men lukman boljak bolsam, maňa himiýany we biologiýany öwrenmek nämä gerek?» Takyk ylymlary öwrenmek islendik meseläniň logikasyny öwrenmäge, aň bilen meseleleri çözmäge ýardam edýär.

«Diňe bäşlikçi bol!» diýen jümläni hemmämiz eşiden bolsak gerek?!

Köplenç yhlasly çagalar sapakda özlerini tertipli we ýuwaş alyp barýarlar, sapaklaryna-da işjeň ýetişýärler. Emma tertipsiz okuwçylar hem has göreldelileriň hataryna goşulyp bilerler. Esasy zat — olaryň öwrenmäge ukyby bolan zatlaryny ýerlikli ýetirip, öwredip bilmek.

Mekdebiň tertip düzgüni adamy ýuwaşlyk bilen iş tertibine taýýarlaýar. Her synpda biziň bilimlerimizem, işe bolan höwesimizem artýar, bu ýagdaý uniwersitetde-hä has-da ýokarlanýar. Ýagny, kem-kemden iş tertibiniň kadasyna geçip gidýär. Bu bolsa bizi çydamly, maksadaokgunly bolmaga iterýär.

Mekdebiň öýe berýän ýumuşlary — bular bizde özbaşdaklygy terbiýelemäge, jogapkärçiligi artdyrmaga, meýilnama düzmäge, öz dogry ýolumyzy tapmaga hem-de ýalňyşlarymyzy düzetmäge mümkinçilik döredýär.

Indi bolsa, mekdebe gitmegiň zerurdygyny görkezýän delilleri sanap geçeliň: jemgyýete goşulmak we aragatnaşykda bolmak, pikirlenmek ukybynyň ösmegi, täzeçillikleri kabul etmek we zerur ylymlary öwrenmek, kynçylyklardan baş alyp çykyp bilmek, hünär ugurlaryny saýlamak hem-de ýöriteleşmek, geljekde işe ýerleşmek üçin orta bilim hakynda şahadatnama almak.

Peýdalanylan çeşmeler: rosuchebnik.ru; inring.ru; 7ya.ru; maam.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Drtrn ( 16.08.2022 )

Почему на фото именно два мальчика держатся за ручку?

866
Meňzeş makalalar