Arhiw

Smartfon ýa-da planşet bilen nädip döredijilik ukybyňy açyp bolýar: munuň üçin ýörite ykjam goşundylaryň sanawy

0
18673

Döredijilik zehinini, mümkinçiliklerini we başarnyklaryny açmak, ony hasyl etmek häzirki zaman adamsy üçin günsaýyn zerurlyga öwrülýär.

Mälim bolşy ýaly, boş wagtlary döredijilik bilen meşgullanýan adamlar örän köp. Kim goşgy ýazsa, kimse aýdym döredýär, ýene-de biri egin-eşikleriň täzeçil bezeglerini taýýarlaýar. Adamlaryň käbiri döredijilik başarnyklaryny ýörite okuwlara ýa-da gurnaklara gatnap kämilleşdirse, käbirleri bu amallary özbaşyna ýerine ýetirip öwrenýärler. Internetiň we kompýuter tehnologiýalarynyň ösmegi bilen bu zatlar has ýeňil görnüşe eýe bolup, bu ugurda indi biziň her birimize haýsydyr bir eseri döretmek üçin ýörite elektron ykjam goşundylar ýardamçy bolýar. Indi smartfondan, planşetden ýa-da aýpaddan peýdalanyp hem islendik döredijilik eserini döredip bolýar.

Surat çekmek üçin niýetlenen ykjam goşundylar

Sanly şekillendiriş sungatyny hasyl etmek bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýänleriň arasynda iň meşhurlarynyň biri “Artflow” goşundysydyr. Surat çekmekde 70 dürli kistleri we nakgaşlyk üçin zerur beýleki gurallary özünde jemleýän bu programma surat çekmegi has ýönekeýlik bilen öwrenmäge kömek edýär.

Aýpad enjamyny ulanýanlar üçin bolsa iOS dükanynda elýeterli bolan “Paper” programmasy has ýerliklidir. Onuň gurallarynyň kömegi bilen şekilleri, shemalary we çyzgylary döredip bolýar.

Wektor grafikasyny ýokary derejede hasyl etmäge we sanly görnüşde hakyky nakgaşlyk eserini döretmäge bolsa “Adobe Ideas” programmasy ýardam eder. Bu goşundyny hem iOS internet dükanyndan ýükläp almak bolýar.

Surat çekmek we dizaýnerlik döredijilik ukybyny ýüze çykarmaga has köp şertli “Concepts” programmasy giňden ýardam edip biler. Ol özboluşly snaly ýandepderçe diýen ýalydyr. Onda taýýar suratlary üýtgedip, täze suraty açyp, illýustrasiýalar bilen işläp hem-de düzümleýin şekil böleklerini süýşürip bolýar. Goşundyny AppStore, GooglePlay, şeýle hem Microsoft.com internet dükanlaryndan alyp bilersiňiz.

“Autodesk Sketchbook” rastr grafik redaktory bolup, adaty şekillendiriş materiallaryny, has takygy adaty gurallara meňzeş gurallary özünde jemleýär. Mysal üçin, galam, şarly ruçka, marker, klassyk kistler... Edil palitradaky ýaly reňkleri sazlaşykly utgaşdyrmaga we kistiň ujuny islegiňe görä sazlamaga mümkinçilik berýär. Bu programmany kompýuter üçin, şeýle-de Android we iOS operasion ulgamlary üçin ýükläp alyp bolýar.

Saz çalmak üçin niýetlenen ykjam goşundy

“Real Guitar” — oňaýly interfeýsli gitara simulýatory hakyky akustik gitaranyň sesini ýokary durulykda çykarmaga ukyplydyr. Bu ykjam goşundy gitara akkordlaryny almagy öwrenmäge, has meşhur gitara sazlaryny çalmaga we özboluşly täze sazlary döretmäge ýol açýar. Ol iOS we Android üçin elýeterlidir.

Fortepianonyň başlangyç endiklerini Pianist HD goşundysy bilen özleşdirip bilersiňiz. Ol fortepiano klawişalaryny düzmäge we sadaja sazlary çalmaga şerti üpjün edýär. Pianonyň ýene-de bir ýönekeýleşdirilen görnüşi — “Magic Piano” goşundysydyr. Bellemeli ýeri, bu goşundy bilen diňe bir elde saz çalmak mümkin bolup, ol has ýokary hilde saz döretmekden çetdedir. Emma bu ilkinji gezek piano saz dünýäsine gadam basmak üçin ýeterlik bolup biler.

Başlangyç kompozitorlar üçin saz döretmekde aýpad üçin bolan “Auxi” ykjam goşundysynyň kömek berjekdigini maslahat bermek bolar. Onda kompozisiýa döretmek bilen, ony soňlugy bilen kompýutere geçirip, isledigiňçe ulanyp bolýar.

Saz döretmekde şeýle hem “SoundPrism” ykjam goşundysyndan peýdalanyp bolýar. Onuň akkordlary wizuallaşdyrmasy we düşnükli interfeýsi kompozisiýa sungatyna has ýeňil düşünmäge şert berýär.

Dijeý mikslerini hasyl etmek üçin bolsa Edjing we Djay goşundylary ýöriteleşdirilen programmalardyr. Olar  hem iOS we Android üçin elýeterlidir.

Saz kompozisiýalaryny döretmek we aranžirowka etmek üçin has amatly programma “GarageBand” goşundysydyr. Onda dürli saz gurallaryny birlikde utgaşdyryp bolýar.  Mysal üçin, onuň kömegi bilen gitara, klawiş, tüýdük we deprek ýaly saz gurallarynyň sesini goşup hem-de aýryp bolýar.

Egin-eşikleriň dizaýny — bu hem öz nobatynda döredijilik işi. Geýimleriň modellerini, dizaýnyny döretmek isleýänlere arkaýyn “ZWTextile” programmasyny maslahat berip bileris. Onuň kömegi bilen egin-eşik nusgalaryny işläp taýýarlamak, modelleriň eskizini döretmek we ideýalary wizuallaşdyrmak mümkindir.

Peýdalanylan çeşmeler: pedsovet.org; adme.ru; yandex.ru; dtf.ru; hotcourses.ru

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar