Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pul dolandyrmakda goýberilýän dört ýalňyşlyk

1
48041

Häzir dünýäde maliýe sowatlylygy barha köp isleg bildirilýän başarnyklaryň birine öwrülýär. Muňa garamazdan, adamlaryň köpüsi häzirem maliýe kynçylyklarynyň döremegine we peýda getirip biljek mümkinçilikleriň elden gidirilmegi ýaly ýagdaýlara sebäp bolup biljek pullary dolandyrmakdaky çynlakaý ýalňyşlyklary goýberýärler. Bu makalada pul dolandyrmakda iň giňden ýaýran ýalňyşlyklaryň dördüsini seljerip geçýäris.

1-nji ýalňyşlyk — tygşytsyzlyk

Daş-töwerekdäkileriň hemmesi tygşytlamagyň ähmiýetlidigini aýdýarlar. Bu ýöne ýerden däl, olaryň özleriniň şeýle diýmek bilen pullaryny tygşytlaýandygy ýa tygşytlamaýandygy esasy zat däl, esasy munuň düýp-teýkarynda durmuşy hakykatyň ýatandygy. Çünki ätiýaçlyk maliýe goruňy döretmek ýerlikli çözgüt. Bu size özüňizi has ynamly duýmaga we durmuşyň dürli ýagdaýlaryna taýyn bolmaga kömek eder. Hatda şuny endik eden adam çagalaryna hem puly tygşytlamagyň ýörelgelerini öwretmekde görelde bolar.

2-nji ýalňyşlyk — ýagdaýyňa görä bolmazlyk

Muny başgaçalap «Ýorganyňa görä aýak uzatmaly» diýen aýtgy bilenem düşündirip bolar. Adamyň mümkinçiliginden köp zady isläp ýaşamak endigi umumy belli mesele. Sebäbi adam gowy zadyň arzuwynda. Şeýle ýagdaýda adamlar gazançlaryndan has köp pul sarp edýärler-de, karz alýarlar we pullarynyň nirä gidendigine düşünmän galýarlar. Karz almak meselesi, elbetde, adatdan daşary ýagdaýlarda (ulaga zeper ýetmegi, hassahanalyk ýa-da hirurgiki ýagdaýlar) ýüze çykyp biler, ýöne galan wagtlarda zerur däl çykdajylardan gaça durmak we geljege tygşytlamak üçin maliýe serişdeleriňizi aňsatlyk bilen dolandyrmaga endik etmek möhümdir.

3-nji ýalňyşlyk — şübheli taslamalara we işewürliklere baş goşmak

Bu ýerde siziň asla düşünmeýän taslamalaryňyz we kärhanalaryňyz barada gürrüň gidýär. Şeýle kärhanalara maýa goýmak ol serişdeleri düýpsüz çukura taşlan ýalydyr. Hyzmatdaşlaryňyz dag ýaly tümmek altynlary we siziň goýan maýa goýumlaryňyzy dolandyrmakda doly garaşsyzlygy wada berseler-de, pikirlenmeseň ýalňyş bolar: Aslynda bu ýagdaýyň aýdyň bolmajagy düşnükli ahyryn.

Ilkibaşda siziň az-kem girdeji hem almagyňyz mümkin. Emma munuň uzaga çekjegine kim hakyky kepil geçip biler. Soň bolsa häzirki bazar ýagdaýynyň çylşyrymlylygy we girdejileriň düýpli pese düşendigi baradaky sebäplerdir delillere bürenen uzyn-uzyn düşündirişler peýda bolar. Ýa bolmasa-da, asla hiç hili düşündiriş bolmaz — hiç zada düşünmeýän halyňyza, olaryň size haýsydyr bir zady düşündirmegi nämä gerek?

4-nji ýalňyşlyk — «Ýumurtgalaryň ählisi bir sebetde»

Bu halk aýtgysyny bilýän bolsaňyz gerek. Onuň manysy hut şeýle etmeli däldigini ündeýär. Ýokary girdeji alarsyň diýen wadalar bilen ynandyrylan adamlar, ähli tygşytlaýan pullaryny bir maliýe guralyna ýa-da edarasyna (bank, maýa goýum gaznasy we ş.m.) goýýarlar. Birdenem bu bank bergä batsa ýa-da gazna puldan ýitgi çekse, maýa goýuja näme galsyn?

Şeýle ýagdaýlardan gaça durmak üçin, onda-da eger henizem bir ýere maýa goýmak islegiňiz bar bolan ýagdaýynda, emläkleriňizi diwersifikasiýa etmek maslahat berilýär. Bu dürli maliýe gurallarynyň we edaralarynyň arasynda serişdeleri paýlamagy aňladýar. Mysal üçin, birnäçe bankda hasap açyp, dürli maýa goýum gaznalaryna pul goýup ýa-da dürli görnüşli gymmatly kagyzlary satyn alyp bilersiňiz. Mundan başga-da, tygşytlaýan puluňyzyň bir bölegini nagt görnüşinde saklamaly — garaşylmadyk ýagdaýlarda bu maliýe «howpsuzlyk ýassygy» bolup hyzmat eder.

Peýdalanylan çeşme: 4brain.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar