Turkmenportal logo
19.06.25
3602836028
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet uniwersiteti «Impact Rankings 2025» atly ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine goşuldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Times Higher Education (THE)» abraýly halkara guramasynyň «Impact Rankings 2025» atly ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, bu reýting dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşýan goşantlaryna baha berýär.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Durnukly ösüş maksatlarynyň easy ugurlary — 3-nji «Sagdyn durmuş we abadançylyk», 4-nji «Ýokary hilli bilim», 5-nji «Gender deňligi» we 17-nji «Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk» maksatlary boýunça bahalandyryldy.