Türkmenistanda telekeçilik yzygiderli we durnukly ösüş ýoluna düşdi. Hususy pudak ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda öz ornuny giňeldýär, oba hojalygy we sarp edijiler üçin önümçilikden başlap gurluşyk, hyzmatlar we ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlara çenli giňden hereket edýär.
Döwlet tarapyndan berilýän goldaw, şol sanda ýeňillikli karzlar, ýerli we daşary ýurtly maýadarlar üçin salgyt ýeňillikleri hem-de maýa goýum üçin amatly şertleriň döredilmegi kiçi we orta telekeçilikleriň ösmegine, milli öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna we eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine berk binýat döredýär.
IFT 2026 – halkara maýa goýum meýdançasy
2026-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy – IFT 2026 geçiriler. Bu halkara çärä işewürlik wekillerini, maýa goýujylar we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşyp, hususy pudagyň ösüşiniň we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Halkara forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Halkara forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşigi tarapyndan TMT Consulting Group bilen hyzmatdaşlykda gurnalýar. Guramaçylyk komiteti forumyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün edýär we gatnaşyjylara ähli zerur şertleri döredýär.
Telekeçilik we maýa goýujylar üçin amaly meýdança
IFT 2026 amaly netijelere ugurdyrylan işewürlik meýdançasy bolup, maýa goýum başlangyçlarynyň taslamalara, hyzmatdaşlyklara we ylalaşyklara öwrülmegini üpjün edýär. Forum göni işewürlik baglanyşygyny döretmäge we önjeýli maýa goýum hereketlerini başlatmaga gönükdirilendir.
Çärä taýýarlyk işleriniň çäginde gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy dowam edýär. Kompaniýalara öňünden hasaba alynmaklary olaryň taýýarlyk işlerine gatnaşmaklaryny we gyzyklanýan ugurlaryny belläp, maýa goýum tekliplerini hödürlemäge, gepleşikleri meýilleşdirmäge we aýratyn duşuşyk meýilnamasyny düzmäge mümkinçilik berýär. Bu format gatnaşyjylaryň netijelilige gönükdirilen ymtylmalaryny ýokarlandyrýar.
IFT 2026-nyň esasy mowzuklaýyn ugurlary
Forumyň maksatnamasy ykdysadyýetiň we hususy pudakyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar. Olaryň hatarynda hususy pudagyň ösüşi, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, oba hojalyk we azyk howpsuzlygy, infrastruktura, gurluşyk, ulag, logistika we senagata maýa goýumlary, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň sanly üýtgeşmeleri ýaly mowzuklar boýunça mejlisler geçiriler.
Hususan hem, senagat önümçiligi, agroişewürligi, logistika, sanly çözgütler we innowasion taslamalara maýa goýmak mümkinçiliklerine üns berler.
IFT 2025 taryhy netijeleri
IFT 2026 forumy ilkinji gezek 2025-nji ýylda geçirilen forumyň üstünlikli däplerini dowam etdirýär. IFT 2025-iň netijeleri ýagny, dünýäniň 25 ýurdyndan 500-den gowrak wekilleriň, 400-den gowrak kompaniýalaryň gatnaşmaklary, 21 sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekilmegi we B2B hem B2G formatlaryndaky 187 sany iş duşuşyklarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyna halkara tarapyndan uly gyzyklanma bildirilenligini aýdyňlygy bilen görkezdi.
Halkara hyzmatdaşlyk we amaly netijeler
Forumyň wekillerine maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen göni gepleşikleri geçirmek, maýa goýum taslamalaryny we startaplary tanyşdyrmak, halkara bazarlaryna çykmak üçin hünär maslahatlary hem-de bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmak mümkinçilikleri hödürlener.
IFT 2026 türkmen senagatçylaryna we telekeçilerine daşary ýurtly hyzmatdaşlaryny çagyrmak we hünär taýdan ýokary derejede guralan işewür gurşawda gepleşik geçirmek üçin amatly meýdança bolup hem hyzmat eder.
Hususy pudagyň sergisi bilen bilelikdäki çäre
Forum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň hususy pudagynyň üstünliklerine bagyşlanan sergisi bilen bir wagtda geçiriler. Sergi 2026-njy ýylyň 17-19-njy marty aralygynda geçiriler we forumyň gatnaşyjylaryna ýurduň hususy pudagynyň amaly üstünlikleri, mümkinçilikleri we bäsdeşlik artykmaçlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.
Gatnaşyga çakylyk
IFT 2026 diňe bir işewürllik çäresi däl, eýsem ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegini kemala getirýän pikirleriň, maýa goýumlaryň we hyzmatdaşlyklaryň bir ýere jemlenýän nokadydyr. Forum işewürligi ösdürmek, halkara gatnaşyklary giňeltmek we amal edip boljak taslamalara maýa goýumlary çekmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Wekilleriň hasaba alynmagy dowam edýär. Ýerleriň sany çäklidir.