Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gar ýagýar: Gyşyň güni çagany daşarda nähili aýlamaly

0
33260

Dünýämize gyş paslynyň gadam basmagy bilen, köp adamlarda ýorganyň astynda ýylylygyň mylaýymlygyny duýup, bir käse gyzgyn çaýdyr kofe demlenip, sowuk howaly günleriň gelmegine garaşmak arzuwlary döreýär. Muny ýöne diňe melodrama filmleriniň gahrymanlaryndan başga başarjak adam ýok bolsa gerek. Aýratynam, şeýle arkaýyn dynç alyp oturmak ene-atalara mahsus bolup biljek ýagdaý däldir. Eýsem, gyş gününde çagalary bilen daşarda az-kem gezim etmäge her maşgala meýillidir.

Aslynda, gyşyň güni gezelenç etmek nämä gerek?

Gyşyna howa has arassa hem-de kisloroda baý bolýar. Bu howadan dem alýan çaganyň öýkeni arassalanýar, öý şertinde alyp ýören adaty howasy tämizlenýär. Dem alyş ýollary has gowy işläp, netijede gan we ähli organlar kislorod bilen baýlaşdyrylýar. Mundan başga-da, öýdäki we köçedäki temperaturanyň pese düşmegi organizmiň berkemegine ýardam edýär.

Gyşda yzygiderli gezelenç etmegiň peýdaly taraplaryny görkezýän delillerimizden köp eneleri gyzyklandyrýan özboluşly sowala, gyşda çagany nähili geýindirmeli diýen sowala geçeliň.

Munuň ýeke-täk jogaby — çaganyň eşiklerini köp gat geýindirmek.

Galyň, gat-gat geýindirmegiň tapawutly aýratynlygy, çaganyň egin-eşiklerini islendik wagtda howanyň temperaturasyna laýyklykda ýeňledip bolýandygy üçin amatlydyr (Türkmenistanyň köp sebitlerinde gyş pasly maýyl howa bilen utgaşykly gelýär).

Surat: ru.freepik.com 

Eger daşarda howanyň derejesi 0-dan ýokary bolsa, onda üç gat geýindirmek ýeterlik bolar:

  • Pagta süýümli geýim ýa-da body geýimi;
  • Ýüň ýa-da flis geýimi;
  • Möwsümara geýimler, şapka, ellik, ýüň jorap...

0 derejedäki we ondan pes temperaturada geýimleri ýylylygyna görä saýlamaly. Arassa howada gezelenç mahalynda arabada ýatmagy halaýan çagalar üçin dördünji gatlak — konwert ýa-da ýorgan gerek bolup biler.

Bir ýaşly çagalaryň ene-atalary eýýäm körpäniň işjeň hereket edýändigini we sowuga tiz uýgunlaşýandygyny ýatdan çykarmaly däldirler.

Çaganyň üşändigini ýa-da heniz üşemändigini bilmek üçin eliňizi ýyladyp, çaganyň boýnuny hem-de ýeňsesini elläp görüň. Eger çaganyň boýny ýyly bolsa, onda howa onuň üçin laýyk we çagaňyzyň geýnişi howa laýyk gelýär. Çaganyň derisiniň çygly bolmagy onuň has derleýändigini, sowuk bolsa hem çaganyň eýýäm sowuklap başlandygyny görkezýär.

Surat: ru.freepik.com 

Gyşyna daşarda çaga bilen näçeräk gezelenç etmeli?

Çaga güýzde ýa-da gyşda doglan bolsa, bu ony açyk howada gezelenç etdirmezlik üçin sebäp däldir. Hünärmenler täze doglan çagany nähili howaly günlerde daşarda aýlap boljakdygy barada dürli hili maslahatlary berýärler. Bu meselede çaga lukmany bilen maslahatlaşmak ýerliklidir.

Şeýle-de bolsa, ilkinji gezek daşaryk çykylanda 10-15 minutdan köp eglenmeli däldir, her gün pyýada edilýän gezimleriň wagtyny artdyrybermeli. Ýuwaş-ýuwaşdan çaga üç aýlyk bolýança gezelenjiň wagty hem bir ýarym sagada golaýlaberýär.

Güýçli şemal, çabga ýa-da has ýygy gar düşmesi ýaly amatsyz howa şertlerinde gezelenç etmeli däldir.

Umuman, jemläp aýtsak, köçede käbir ýokançlara sezewar bolaýmaýyn diýen gorky bilen, ýöremekden, aýlanmakdan ýüz öwürmeli däldir. Gaýtam, diňe öý şertinde daşary çykman oturmakda ýokanç keseliň degmek ähtimallygy ýokarydyr.

Galyberse-de, maşgala agzalary (eneler, atalar we ş.m.), şol sanda çaganyň ejesi hemişe ýokançdan goranmak şerti bilen ýaşap bilmeýär. Arassa howada gezelenç etmek munuň tersine saglygy we immuniteti güýçlendirýär.

Üns beriň: berlen maglumatlar tanyşdyryş maksatlydyr we dolulygyna dogry diýip häsiýetlendirilmäge degişli däldir. Ol dünýä ýüzünde maslahat berilýän giňden ýaýran pikirleriň diňe biridir.

Çeşmeler: tots.kz; ozon.ru; market.yandex.ru; mamadeti.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar