Deri — bu biziň saglygymyzyň we durmuş ýörelgämiziň aýnasydyr. Ýaşyň gitdigiçe, ol berkligini we çeýeligini ýitirýär, ýygyrt atýar, az-kem tegmiller peýda bolup başlaýar. Şeýle-de bolsa, ýönekeý, ýöne täsirli çäreleriň kömegi bilen, garramagy haýalladyp, deriňizi ýaş saklap bilersiňiz.
1. Deriniň sagdyn bolmagynyň özeninde ýeterlik alnan uky durýar.
Uky — bedeniň sagalyp, öňki halyna gelýän wagtydyr we onuň dowamynda deri hem kadalaşýar. Stress, ukusyzlyk we nädogry gün tertibi ir garramagyňyza sebäp bolup biler. Her gije 7 — 9 sagat aralygynda ýeterlik derejede, rahat ýatmaga çalşyň. Ýassykda ýüzüňize howa geçmän, basyş bolmazlygy üçin arkanlygyna ýatyň.
Başarsaňyz hor çekmejek boluň: ol ukynyň hilini beterleşdirýän we derä ýaramaz täsir edýän ýagdaý bolup, ukuda mahalyň apnoene — dem alşyň bozulmagyna getirip biler. Eger hor çekýän bolsaňyz, uklamak boýunça lukman hünärmene (somnolog) ýüz tutuň.
2. Ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek — deriniň öwüşginli bolmagydyr.
Çilim çekmek damarlara zeper ýetirýär, deriniň gan üpjünçiligini bozýar we wagtyndan öň garramagyňyza sebäp bolýar. Alkogol bolsa gan damarlaryny daraldýar, deriniň gyzarmagyna we ýyldyz damarlarynyň (kuperoz) döremegine sebäp bolýar.
3. Dogry iýmitlenmek — içki gözelligiň çeşmesi.
Rasionyňyzy witaminlere we antioksidantlara baý ter gök önümler we miweler bilen baýlaşdyryň. Menýuňyza bedeni möhüm iýmitler bilen üpjün edýän ähli däneleri goşuň.
Gerekmejek iýmitlerden gaça duruň — mysal üçin, fastfudlary, süýjüleri we beýleki ýaramaz naharlary iýmekden saklanyň. Olar çişmä sebäp bolup, deriniň ýagdaýyny beterleşdirip biler.
Ýeterlik mukdardaky witaminleri we mikroelementleri özünde jemleýän dogry deňagramly iýmitler aşgazan-içege ulgamynyň işiniň kadalaşmagyna getirýär. Bu bolsa deriniň ýaldyramagyna ýardam berer.
4. Ýüzüň sagdyn bolmagy üçin demiriň derejesini saklaň.
Gandaky gemoglobini we demiriň derejesini gözegçilikde saklamak islendik adam üçin zerurdyr. Demiriň pes bolmagy gipoksiýa — kislorod ýetmezçiligine sebäp bolup biler. Munuň özi deriniň öwüşginsiz we öçügsi bolmagyna sebäp bolýar.
5. Bedeniňi dik tutmak we Günden goranmak ir garramagyň öňüni almakdyr.
Göni, ýagny dik tutulýan beden we ýokary galdyrylan eňek edil bedeniň durnukly agramynyň saklanylyşy deýin ýüz dokumalarynyň ptozyny azaldýar.
Deriniň ir garramagyň esasy sebäpleriniň biri bolan zyýanly ultramelewşe şöhlelerinden goranyň. Bulutly günlerde-de azyndan 30 günläp her gün SPF-li Gün şöhlesinden goraýan kremi ulanyň.
Derä ideg etmek — bu diňe bir daşky proseduralar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesine degişlidigini ýatda saklaň!
Peýdalanylan çeşme: www.gmsclinic.ru