Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet

0
62056

Her bir zenan ömründe iň bolmanda birje gezek erkek kişileriň durmuşy ýeňil diýen pikire gulluk eden bolsa gerek. Bu bir tarapdan dogry diýseňem bolýar. Eýsem erkek kişilerde-de aýallaryň nusga alaýmaly häsiýetleri we endikleri az däl.

Dogry, erkekler gülgün reňk öwüşginlerine düşünenoklar ýa-da ony kabul edip bilenoklar, käbirleri joraplaryny çem gelen ýere taşlaýarlar, käsi bolsa diş pastasynyň gapajygyny ýapmaýar... ýöne beýle diýilse, ters pikirde bolmaly däldir. Töwerekdäki erkek kişilere üns berseňiz, olarda öwrenerlik, ýogsa-da nusga alarlyk endikler we häsiýetler bardyr. Olarda azyndan 7 sany zerur häsiýetiň aýal maşgalada ýetmezçilik etmeýändigine göz ýetirersiňiz.

Öz-özüňi kämilleşdirmek

Zenanlar — daşky keşp gözelligine eýermegiň yzynda ylgap, özlerini az kösemeýärler. Aýagym o diýen uzyn däl, saçlarym has inçe, gözlerim isleýşim ýaly ululykda däl diýen ýaly nägilelikler we hemişe agramyň barada oýlanyp gezmek — köp aýal-gyzlara, hatda has gelşikli gyzlara-da mahsus bolan mowzuk. Bu wagtda erkekler näme işleýärkä? Olaryň hemme zatdan göwnübir, özlerine-de mynasyp derejede göwni ýetýär, olar üçin garnyň çykmagam artykmaç agram däl.

Kemçiligi bolşy ýaly kabul etmegi hem-de özüňe, şeýle-de gelşikliligiňe bolan ynamda ýaşamagy öwrenmeli.

Köp pikirlenmek — zyýanly

Zenan maşgala nähili pikirlenýär? Eger haýsydyr bir mesele ýüze çyksa, zenan şolbada aňynda bu meseleden gelip çykjak netijeleri toplaýar, olary yzygiderli oýlaýar we zynjyrlaýyn täsiri emele getirýär. Mysal üçin, ýanýoldaşy haýsydyr bir zady, meselem, getirjek diýip söz beren süýjüligini ýadyndan çykarsa, ony ýadyndan çykardy däl-de, bilýärdi, emma ýadyna düşürjek bolmady diýip oýlaýar. Şu logika bilenem aýalyň kellesine geljek zat: şol ýadyna düşmedik bolsa, onda hökman başga biri (başga bir zat) barada pikir edendir, men oňa geregem däldirin. Ine, durna üstüne urna diýlişi ýaly, şu ýagdaýda erkegiň ozalky eden güman etdiriji hereketleri-de zenana “kömege” ýetişýär.

Başgalar barada asla pikir etmezligi öwrenmeli.

No Drama ýa-da köşeşmeli, diňe köşeşmeli

Eger erkek kişi haýsydyr bir şowsuzlyga uçrasa, onda ol aýal maşgaladan tapawutlylykda ähli bolan zatlaryň sebäbini özünden görmek bilen, munuň üçin özüni gynap durmaýar. Erkek kişi aglaba ýagdaýda dürli bolan zat üçin tiz köşeşip bilýär, ýagdaýy bolşy ýaly kabul  edip bilýär. Bu bolsa aýal bilen baglylykda ýüze çykan ýagdaýynda zenanyň gaharyny getirýär. Erkek kişiniň bu babatdaky ýörelgesi hiç bir zat üçin nerwyňa täsir etmek gerek däl-de, diňe başaryp biljek zatlaryň aladasyny etmek ýa-da başga meseleleriň barada oýlanmak.

Öz başarýan zatlarymyza kaýyl bolmagy, munuň üçin üýtgemezligi we dürli hili oýunlary oýlap tapmazlygy öwrenmeli.

Öz ýeriňi bilmek

Eger zenan has ynamly bolsa we öz isleýän zadynyň bolmagyny talap edip, onuň üçin ýerliksiz göreşmäge, hatda dawalaşmaga-da taýýar hereketleri görkezse, adamlar ony öz ýerini bilmeýän şerçi hökmünde kabul ederler. Bu ýagdaý köpçülige ýaramaýar. Erkek bolsa bu ýagdaýda öz ýerini bilmek bilen ähli zada sada göz bilen garamagy başarar.
Mundan bolsa lider bolmakda özüňi sadalyk bilen sylatmagy, köpüň seni goldamagyny başarmagy öwrenmek zerur. Emma has beter, gereginden artyk derejede hereket etmän, diňe özüňe möhüm bolan zat bilen çäklenmek ýeterlikdir.

Göni manyda düşünişmek

Eger erkek kişi nämedir bir zatlary aýtmak isleýän bolsa, ol ony göni manysynda, has düşnükli görnüşde beýan edýär. Olar has inçe kakdyrmalary, manyly garaýyşlary, sessiz sözleşmeleri we aýallaryň pikiriçe dogry bolan inçe duýgular bilen bir zady duýdurmaga düşünmeýärler. Munuň netijesinde bolsa zat ýok ýerden jedeller hem-de düşünişmezlikler döreýär.

Has düşnükli, edil iş meselesindäki ýaly sada dilde gepleşmegi öwrenmeli.

Bagtyň gözleginde: özüňe ýeterlik derejede düşünmek we özüňe ynamyň bolmagy

Psihologlaryň köpüsi aýallar üçin bagtyň formulasy — çyndan söýýän ýanýoldaşynyň we çagalarynyň bolmagy diýip hasap edýärler. Erkekler bolsa tersine — daş-töwerege bagly bolmazdan özlerini bagtly duýmak isleýärler. Olar üçin maşgaladan başga-da iş (zähmet ýoly), güýmenjeler, okuw we özüňi kämilleşdirmäge ýardam edýän beýleki zatlar bar.

Özümizi söýmegi, munuň üçin wagt aýyrmagy we kimdir biriniň bizi bagtly etmegine garaşmazlygy öwrenmeli. Biziň içimizdäki sazlaşykly duýgular we bagtymyz ýakynlarymyzy hem bagtly edýär.

Zenan raýdaşlygy?

Erkekleriň dostlugynda güman etme we raýdaşlyk ýüze çykmaýar. Erkek kişi üçin aýalynyň goldawy köplenç emosional duýgudaşlygyň zerur bolan ýagdaýynda we joralarynyň gyzyklanmalary täsir etmeýän ýagdaýlarda has aýdyň ýüze çykýar. Munda gelin bilen gaýyn enäniň arasynda ýüze çykýan düşünişmezlikleriň aýratyn, özbaşyna başga bir meseledigini bellemek gerek. Onsoňam, jorasy arkasyndan gep ýaýradan ýagdaýynda ýa-da göriplik bilen bir waka oýlap tapanda her bir aýalyň bolman-da bir hekaýajygy döredýändigi mälimdir.

Mundan bolsa birek-biregi sylamagy we goldaw bermegi öwrenmeli.

Peýdalanylan çeşmeler: miracle lady.ru; signorina.ru; vplate.ru; gurutest.ru; www.b17.ru.

 

Şeýle-de okaň:

«Ykjam daňylan galstuk — durmuşyň ilkinji ynamly ädimi» — Oskar Waýld

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar