Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Diňe bir diňlemegi däl-de, düşünmegi nädip öwrenmeli

0
25916

Özara düşünişmek, empatiýa, adamlary diňe bir diňlemek bilen çäklenmän, olara düşünmek — ikitaraplaýyn hoşniýetli aragatnaşygy dowam etdirmegiň esasy şerti. Üns bilen diňlemek we düşünmek iş meselelerine hem-de şahsy gatnaşyklara, kärdeşleriň, dostlaryň we tanyşlaryň özüni alyp barşyny dogry düşündirmäge ýardam edýär, söhbetdeşligi ýeňilleşdirýär. Şeýle bir ukyply adamlar bolýar, olar gabadynda durana örän jaýdar, tüýs geregi ýaly düşünip bilýärler, ýöne adamda şeýle başarnyk bolmadyk bolaýanda-da, ony kämilleşdirmek mümkindir.

Bu meselede, ýagny «başgalara düşünmegi nädip öwrenmeli» diýen mowzuk babatda diňe sadaja eýermegi talap edýän birnäçe maslahatlary belläp bileris. Bularyň iň ýönekeýi «özüňi şonuň ýerinde goýup görmeli» diýen köp halatda eşidýän ýagdaýymyzdyr. Muny «Şeýle ýagdaýda sen näme ederdiň?», «Onuň häsiýeti sende bolsa nähili bolardy?» diýen sowallar bilen düşündirip bolar. Özüňi başga kişiniň ýerinde goýmak bilen ýene bir zady, başgalara baha bermezligi öwrenip bolýar.

Eger kimdir biriniň haýsydyr bir zady siziň nukdaýnazaryňyzdan has tapawutlylykda, gowy edip düşündirip bilýändigini bilseňiz, ony şobada inkär etjek bolmak ýalňyşdyr. Bu ýagdaýda şol adamyň näme üçin başgaça däl-de, hut şol hili pikir edýändigini nazarda tutmak möhüm. Bu maslahat hem, birinji maslahat bilen baglanyşykly bolup, özüňi başga biriniň ýerinde goýmak bilen onuň kabul edişini, pikirlerini we garaýyşlaryny bilip bolýandygyny görkezýär.

Kimdir biriniň pikiri haýsydyr bir sebäbe görä sizde otrisatel emosiýalary (düşünişmezligi, ýaramaz pikiri, ýigrenji we ş.m) döredýän bolsa, onda gaharyňy ýatyrmaga synanyşmaly we bu pikiri hut şol adamyň pikiri hökmünde däl-de, eýsem, başga bir ýerden dörän maglumat diýip kabul etmelidir. Bu ýagdaý diňe bir adamy diňlemäge ýa-da düşünmäge däl, şeýle-de onuň islendik predmete bolan garaýşyny kabul etmäge kömek edýär. Şeýle pikirlere düşünmek we kabul edip bilmek üçin kimdir biriniň öz nukdaýnazaryndan beýan edýän garaýşyny bölmek hökman däldir.

Empatiýa duýgusy (duýgudaşlyk bildirmek ukyby) — eger bu häsiýet adamda dogabitdi bar bolup, ýöne ýeterlik ösmedik bolsa, ony kämilleşdirip bolar. Dürli hili häsiýetdäki adamlar bilen hemişe söhbet gurup we olaryň hereketlerine syn edip ýörmek bilen, diň salmak bilen birlikde, söhbetdeşiň näme aýtjak bolýanyna, duýgularyna, keýpiniň nähili ýagdaýdadygyna, şeýle-de siziň sözleriňizi nähili kabul etjegine düşünmek ukyby kemala gelýär.

Käbir psihologlar empatiýa duýgusyny ösdürmek üçin filmlere ýa-da seriallara, aýratyn-da, terjimehal, psihologik ýa-da melodrama žanrlaryndaky kinolara tomaşa etmegi maslahat berýärler.

Çeper we ylmy-populýar edebiýatlary okamak, ylym we sungat baradaky programmalara tomaşa etmek bilen, gözýetimimizi giňeldýäris, beýleki adamlary diňlemek we olaryň pikirlerini kabul etmek ukybymyzy hem artdyrýarys.

Subut edilen: akyl taýdan sagdyn adamlar dartgynlylyklary we kynçylyklary başdan geçiren ýagdaýynda, duýgudaşlygy we adamlary diňlemek, olaryň duýgularyna düşünmek ukybyny ýokarlandyrýarlar. Şeýle-de, durmuşda kyn ýagdaýlary başdan geçiren adamlaryň duýgudaşlyga we başga biriniň pikirini kabul etmäge has ýakyn bolýandygy ozaldan mälim bolan hakykatdyr.

Öz durmuş tejribesinde adamlara düşünmegi, olary diňlemegi başarmagy ösdürip bilen her bir adamyň özünde paýhasly bolmagy terbiýeledigidir. Ol her bir adamyň tebigaty boýunça başgaça bolsa-da, tapawutly, dogry nukdaýnazarly bolup biljekdigine ynanyp bilýär.

Peýdalanylan çeşmeler: shkolazhizni.ru; letidor.ru; heroine.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar