Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zyýanly dostluk: Ýalan «dostlaryň» alamatlary

0
54518

Kimdir birini zäherlemek özboluşlylygy diňe bir janly-jandarlara, mysal üçin, ýylandyr içýan ýa-da möý ýaly haýwanlara degişli edilýär. Emma gytak manyda, has takygy sözüň göçme manysynda kimdir birine has ýaramaz täsir edip, başgaça aýdylanda «zäherläp» bilmek metaforasyny adamlar babatda hem ulanmak ýerine düşmän duranok. Bu dostluk gatnaşyklarynda ýüze çykýan ýagdaý. Dostlukda hemişe ikitaraplaýyn oňyn häsiýetleriň hyzmatdaşlygy gabat gelmeýär.

Başga bir tarapdan bu «zäherli» ýagdaýdan baş alyp çykmakda psihologlar täsin bir ideýany teklip edýärler, bu bolsa «dost hem däl, duşman hem däl» diýen ýörelgedir.

«Meňki bitsin...» Eger kimdir biri bilen gatnaşygyňyzda garşyňyzdaky adamyň siziň yzygiderli edýän ýagşylyklaryňyzdyr ýardamyňyza garşylyklaýyn hereket etmeýändigini, ýa bolmasa-da beýle jogaby bermegi islemeýändigini mese-mälim duýsaňyz, onda bu dostlugy kesmekden başga zerurlyk ýokdur. Özüni dost hasap edýän adamlar garşysyndaky adama deň derejede gaýtargy berýärler.

Ýoguňa düşünmese. Dost diýýäniňiz «ýok» sözüňize düşünmese siz bilen ýakyndan gatnaşygy dowam eder diýip pikirem edip oturmaň. Dost diýeniň islendik ýagdaýda haýsydyr bir başarmaýan işiň üçin gaty görüp ýa-da arasyny üzüp ýörmez. Bu ýagdaýda siz bilen diňe peýda üçin gatnaşýanlar gaty görüp biler.

Begenjiňe begenmese. Siziň bir zada begenmegiňize ýa-da şatlykly ýagdaýa düşmegiňize dostuňyz şärikdeş bolmasa ýa-da «Hä, şeýlemi?!» diýen terzde nalaç jogap berýän bolsa, onda ol siziň şowsuz ýagdaýyňyza nähili baha berer. Bu hem gatnaşyklaryň bir şahasy.

«Limon ýaly sykylan». Kimdir biri bilen gatnaşyp horukýan bolsaňyz, hasam bu zatlar duýgulaýyn täsirde bolsa onda şu berilýän maslahatlara gulak salmagyňyz zerur.

Tersin bäsdeşlik. Bäsdeşlik dostlukda bolýan zat, emma dostuňyz siziň bilen hemişe «ýaryşyp», alyp bilmedik galasy siz bolup ýörse, munuň nämesine dostluk diýip bolar.

Duýgudaşlyga garaşýarlar. «Zäherli dostlar» hemişe ykbalyndan zeýrenip, siziň duýgudaşlyk bildirmegiňize garaşýar, onuň meselesini çözmelisiňiz diýip düşünýär.

Müdimilik manipulýasiýalar. Megerem, bu häsiýet ýüze çykan halatynda siz dostlugy gürrüňsiz bes etmeli. Psihologlaryň maslahat bermegine görä, eger dost ýa-da ýakyn hasap edýän adamyňyzyň sizi oýnaýandygyny, ulanýandygyny, etmejek işiňizi etmäge mejbur edýändigini aňsaňyz, onda ol adamdan gaça durmaly.

Eger şu ýokarda bellenilip geçilen aýratynlyklar size dostuňyzyň «zäheriniň» bardygyny ýa ýokdugyny mälim etmeýän bolsa, onda bu ýagdaýda pikir soraşma geçirmek zerurdyr. Munuň üçin bolsa saýry bir adamlaryň pikirini diňläň, daş-töwerek üçin siziň dostlugyňyzyň nähili görünýändigi bilen gyzyklanyň.

Zyýan getirip biljek beýle dostluga nähili çemeleşmeli:

  • Wagtlaýynça gatnaşygy togtadyp, has içgin oýlanyp görmeli;
  • Dostuňyzyň size bolan erbet garaýşyna düşünip, onuň sizi ulanýandygyna akyl ýetirmek;
  • Gözýetimiňizi giňeldiň, has ýygjam gatnaşmaga çalşyň ýa-da gatmaşyklary doly kesip görüň.

Çyn dostuň bolmagy — bu ullakan bagt. Bu ugurdaky köp sanly gözleglerden şu netijeler gelip çykýar:

  • Eger adamyň iş ýerinde sözi alyşýan dosty bolsa, ol adatdakydan 7 esse netijeli işleýär;
  • Ýürekdeşlik bilen edilen söhbetler ynsana gaýgy-hasratlaryny unutmaga we meselelerine başga tarapdan seredip çözgüt tapmaga ýardam edýär.

Peýdalanylan çeşmeler: marieclaire.ru; harpersbazaar.kz; zen.yandex.ru/; 1gai.ru; medaboutme.ru; gurutest.ru.
 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar