Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Joralaryň bilen wagtyňy hoş geçirmegiň syry

0
35392

Özara dostlugy ikinji mesele edip goýýan ýagdaýlar gyzlarda köp bolýan bolsa gerek, ol hatda mäkäm dostluk bolaýsyn. Maşgala, iş, öýüň hysyrdylary... umuman, gyzlaryň jorasy bilen soňky gezek duşuşanyny, bile bir stoluň başynda gülşüp-degşip oturanynyň ýadyndan çykanyny bilmän galýan ýagdaýy az däl. Eýsem, dostluk gatnaşyklary psihikaňa-da, fiziki taýdan hem peýdaly täsir edýär.

Joralaryň bilen bir aýyň dowamynda azyndan bir gezek duşuşmaly. Oksford uniwersitetiniň britaniýaly psihologiýa boýunça professory Robin Danbaryň bellemegine görä, dört jora bolup hepdede ortaça iki gezek duşuşmak — zenan psihikasynyň gatnaşyklar babatda iň isleýän zady bolup durýar. Zenanlaryň özara pikir alyşma gatnaşyklary barada aýdyp geçýän hünärmeniň bu maslahaty örän jaýdar pikir.

Ähli başagaýlyklardan we işlerden gutulyp, joralaryňyz bilen duşuşygyň senesini bellemäge esas döretjek wajyp 5 sany sebäbi Size ýetirýäris.

Sussupesligi bile ýeňip geçmek. Durmuşda ýakyn hossarlaryňyz diýmeseň, ýürekdeş joraňyzdan başga derdiňizi we aladalaryňyzy deň paýlaşjak adam ýokdur. Has çuňňur duýgulary, onda-da gynanjy we gaýgy-gussany zenan içgin duýup bilýändir. Şol sebäpdenem bile oturyp pikir alyşmak has zerurdyr.

Nostalgiýa. Ýürekdeş, jana-jan joraňyz ýatlamalary, has täsirli pursatlary siz bilen paýlaşmasa kim bilen paýlaşsyn, kim bilen tüýs ýürekden ýatlasyn.

Bilelikdäki güýmenjeler. Sport bilen meşgullanmak, dükanlara aýlanmak, haýsydyr bir tapgyrlaýyn filme bile tomaşa etmek, gezelenç etmek we ýene-de onlarça şunuň ýaly bilelikdäki güýmenjeler joraňyz bilen bilelidäki gatnaşyklaryň mäkämligini döredýän zatlardyr.

Kömek, goldaw hem-de maslahat. Hakyky joraň islendik pursatda kömek bermäge taýýardyr. Ol saňa ýardam eder, ruhlandyrar, egin-eşiklerini bile geýer, öý işlerine kömek eder, hoş söz bilen göwnüňi tapar, şeýle-de öz gadyryňy bilmäge kömek berer. Diňe bir joraň özi seniň üçin psihologyň, stilistiň, berhiz lukmanynyň we ýene-de onlarça hünärmenleriň ýerini tutup biler.

Ownuk-uşak göwnejaýlyklar. Gürleşmek, gülüşmek, saçyň täze stilini görkezmek — ýaly kiçijik hem bolsa, bilelikde wagtyny hoş geçirýän joralar üçin gyzyldan gymmatly göwnejaý pursatlardyr.

Geň ýeri, şol professor Robin Danbaryň belleýşi ýaly: «Ýakynlary bilen giňden gatnaşyk saklaýan adamlar az keselleýärler, operasiýalardan soň tiz sagalýarlar we uzak ýaşaýarlar. Bu durmuş ýörelgesi olaryň çagalaryna-da geçýär».

Bu ýagdaýlardan nähili netije çykarmaly?

Işleriň başagaý etmegine, hysyrdylara, dürli hili bahanalara garamazdan, dostlaryňyza wagt tapyň. Hakyky dost-ýarlar — bu iň zerur zatlaryň biri.

Eger Aşgabat şäherinde dostlaryňyzdyr joralaryňyz bilen örän oňaýly, amatly ýerde oturyp dynç almak isleýän bolsaňyz, «Üzüm» kafesine baryp bilersiňiz.

Üzüm — şäheriň goh-galmagalyndan, awtoulaglaryň seslerinden uzakda ýerleşen ajaýyp gurşawly ýer. Stilli interýer, hoşamaý hünärmenler, tomus howlusy we dynç günleriniň janly aýdym sesleri — täsin oturlyşygyň girewini döredýär.

«Üzüm» kafesiniň tagamnamasynda süýjülikleriň, işdäaçarlaryň, Ýewropanyň, Aziýanyň hem-de türk aşhanasynyň naharlarynyň dürli hili görnüşleri bar. Owadan, adaty bolmadyk görnüşde bezelen kokteýller we süýjülikler diňe bir gastronomiki däl, eýsem estetiki lezzet berýär.

«Üzüm» kafesiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Çary Baýryýew köçesiniň 13-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 36 05 00.

Peýdalanylan çeşmeler: beautyhack.ru, ladyvrn.ru, econet.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar