Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyşda otagy ýelejiretmekde goýberilýän 6 adaty ýalňyşlyk

0
406

Öý-içeriniň howasynyň arassa bolmagy dem alyş bilen bagly keselleriň öňüni almakda möhüm şert bolup durýar. Şeýle-de bolsa, bu ýörelgeden ugur alyp köpimiz otagy yzygiderli ýelejiretsek-de, muny nädogry edýäris. Bu meselede esasy ýalňyşlyklara seredip geçeliň we howany täsirli usulda çalyşmagy öwreneliň.

1-nji mesele: Otagy seýrek ýelejiretmek

Gyş aýlarynda öýlerdäki howa durgunlyga has ýygy sezewar bolýar. Işledilýän ýyladyş enjamlary, öýde edilýän işler we howanyň seýrek çalşylmagy patogen mikroorganizmleriň köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär. Hünärmenler günde azyndan 4 gezek 10 — 15 minutlap penjireleri açmagy maslahat berýärler. Ine, şunuň üçinem özüňizi gysga wagtlyk howa çalşygy bilen çäklendirmäň.

2-nji mesele: Howa az-kemden çalyşmak zyýanlydyr

Penjireleri uzak wagtlyk çala açyp goýmak gyş günlerinde gowy çözgüt däldir. Bu öýde howanyň haýal çalşygyny döredýär, zerur däl ýylylygyň ýitmegine we penjirelerde galyndylaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Iň oňat çözgüt penjireleri dolulygyna açyp, gysga wagtda bitewüleýin ýelejiretmekdir.

3-nji mesele: mebelleriň nädogry ýerleşdirilmegi

Eger öýde mebeller diwarlara ýakyn itilip goýulsa hem yzygiderli howa çalşygy netijesiz bolup biler. Ýokary hilli howa aýlanyşygy üçin diwar bilen içki zatlaryň arasynda boşluk goýmalydyr.

4-nji mesele: ýaramaz howada otagy ýelejiretmekden ýüz öwrüň

Ýagynly howada otaga şemal çaldyrmak içerdäki çyglylygy ýokarlandyrýar diýen düşünje ýalňyşdyr. Aslynda, gyşyň howasy, hatda gar ýaganda-da otagyň howasyndan ep-esli gurakdyr. Şonuň üçin ýaramaz howa şertleri sebäpli otagy ýelejiretmekden saklanmaly däldir.

5-nji mesele: Dumanly penjirelere üns bermek

Penjirelerde kondensatyň peýda bolmagy otagdaky howa çalşygynyň pesliginiň alamatydyr. Bu howa çalşygynyň režimine gaýtadan seretmegiň zerurdygyny görkezýär.

6-njy mesele: Ýyladyş enjamlaryny dessine işletmek

Otag şemalladylandan soň, içerki temperaturany tebigy ýagdaýda öňki halyna getirmek möhümdir. Penjireler ýapylanyndan soň, derrew ýyladyjyny açmak howa çalşygynyň täsirini ýok edýändir. Beýle ýagdaýda ýylyrak eşik geýip, birnäçe minut garaşmak has gowudyr — şonda temperatura tebigy ýagdaýda kadalaşar.

Bu maslahatlary ýerine ýetirip, hatda iň sowuk günlerde-de zerur bolmadyk ýyladyş çykdajylaryndan az-kem gaça durmak hem-de galyndylaryň öňüni almak bilen, içerde sagdyn howany saklap bilersiňiz.

Peýdalanylan çeşme: www.vgoroden.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar