Türkmenistanyň Prezidenti «RŽD-niň» ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi, Koreýa Respublikasynda Türkmen medeniýetiniň günleri geçiriler, Daşoguzda ÝUNESKO kluby açyldy, türkmen türgenleriniň üstünlikleri we beýleki habarlar

10:0228.03.2023
2
28845

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we «RŽD» AGPJ-niň müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorow duşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň we elektrikleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutany ýurdumyzda logistik geçelgeleriň netijeli peýdalanylmagy üçin amatly şertleriň döredilendigini nygtady hem-de Aşgabada sapar bilen gelen «RŽD-niň» wekiliýetine türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gepleşikleri geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň ulag pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi

2. Koreýa Respublikasynyň Seul we Yýjonbu şäherlerinde 29 – 31-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeni çäräniň çäklerinde dürli sergiler guralar, türkmen we koreý sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, türkmen kinofilmleriniň görkezilişi we başga-da köp sanly çäreler geçiriler.

3. Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm ugry» atly ÝUNESKO kluby açyldy. Klub ÝUNESKO-nyň hemaýat bermeginde dürli ýurtlardan ýaşlaryň bilelikdäki mowzuklaýyn forumlara we maslahatlara, ylym-bilim we tebigaty goramak babatda başlangyçlara gatnaşmaklary boýunça pikirdeş talyplary, aspirantlary we mugallymlary bir ýere jemleýär.

4. Aşgabatdaky «Studio Ceramic» küýzegärlik ussahanalarynyň zynjyry ýekşenbe güni haýyr-sahawat maksatly usatlyk sapagyny geçirdi. Sapaklara «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň howandarlygyndaky çagalar gatnaşdylar. Döredijilik boýunça ussatlyk sapagyna 35-e golaý çaga ene-atalary we ýakynlary bilen bilelikde geldiler. Döredijilik pursatlary hemmelere ýarady: toýundan dürli şekilleri ýasadylar we hyýaly mümkinçiliklerini ösdürdiler.

5. 29-njy martdan başlap, Aşgabadyň içinde hereket edýän №40 we №113 belgili şäheriçi awtobuslaryň ugurlaryna üýtgeşmeler giriziler. Olar Görogly köçesiniň ugry boýunça hereket edip, Taslama köçesini kesip geçerler. Soňra Gurtly ýaşaýyş toplumyna tarap paýtagtyň demirgazyk bölegi boýunça ugur alarlar.

Dünýäde

6. Azerbaýjan 28-nji martdan başlap, ýurda gonýan uçarlar üçin ähli kowid çäklendirmelerini aradan aýyrýar. Degişli karara premýer-ministr Ali Asadow gol çekdi. Indi ähli daşary ýurtlular howa gämileri arkaly ýurda gelip we ýurtdan gidip bilerler, gelmek üçin sanjym hakynda kepilnama ýa-da immunitetiň bolmagy talap edilmeýär. Şeýle-de halkara uçuşlar, myhmanhanalarda bolmak, köpçülikleýin garbanyşhanalara, söwda merkezlerine we sport zallaryna girmek üçin kepilnama gerek bolmaz.

7. «Hyundai» kompaniýasy «Sonata» kysymly ulagyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy, ol 2023-nji ýylda bazara çykarylar. Täze awtoulagyň dizaýny döwrebap «Hyundai» nusgalarynyň hususy stilinde ýerine ýetirilipdir. Sedanyň aýratynlyklary birleşdirilen çyzykly ýagty saçýan çyralardan we yşyklandyryjylardan ybaratdyr. «Sonata-nyň» täze görnüşiniň salony hem gaýtadan işlenendir. Ulagyň içi ýeke-täk modula birikdirilen 12,3 dýuýmlyk iki sany displeý, enjamlaryň sanly paneli we multimedia ulgamy bilen üpjün edilendir.

Sport habarlary

8. Türkmenistanly Perhat Bagtyýarow Albaniýada geçirilen agyr atletika boýunça dünýä birinjiliginde 61 kg çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň 16 ýaşly okuwçysy Perhat Bagtyýarow iki tapgyryň jemleri boýunça 258 kg netije görkezdi. Filippinli Albert Delos Santos 259 kg netije bilen ýeňiji boldy.

9. Moskwada sambo boýunça halkara bäsleşik tamamlandy. Bäsleşige 10 ýurtdan türgenler gatnaşyp, erkekleriň, zenanlaryň arasynda we söweş sambosy boýunça 7 agram derejesinde baýraklar ugrunda güýç synanyşdylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalaryna Russiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Belarusdan, Özbegistandan, Ermenistandan, Hytaýdan, Täjigistandan we Marokkodan türgenler garşydaşlyk etdiler. Iki günlük bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň topary 5 medal gazandy. Olardan – 1 altyn we 5 kümüş.

10. Angliýanyň «Tottenhem» toparynyň metbugat gullugy italiýaly Antonio Konteniň toparyň baş tälimçisi wezipesinden boşadylýandygyny yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen şertnama taraplaryň özara ylalaşygy esasynda ýatyryldy diýlip, toparyň beýanatynda habar berilýär. Möwsümiň ahyryna çenli topara Kristian stellini we raýan Meýson ýolbaşçylyk ederler. Antonio Konte 2021-nji ýylyň noýabryndan bäri «Tottenhemi» türgenleşdirip gelýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň