Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

22:0627.03.2023
0
34431
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Aşgabada gelen «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» açyk paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň barşynda netijeli gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň dörediljekdigine, duşuşyklaryň jemleriniň bolsa demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljeginiň uludygyna ünsi çekdi. Duşuşygyň ahyrynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini hasaba almak bilen guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň