Top.Mail.Ru

Aşgabatdaky keramika studiýasy haýyr-sahawat ussatlyk sapagyny geçirdi

17:1927.03.2023
0
30675

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Studio Ceramic» ýeke-täk senetçilik tory ýekşenbe güni haýyr-sahawat ussatlyk sapagyny gurady. Okuwlara «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan hemaýatkärlik berilýän mümkinçiligi çäkli bolan çagalar we ýetginjekler gatnaşdylar.

Döredijilik sapaklaryna ene-atalary we ýakyn hossarlary bilen gelen 35 töweregi çaga gatnaşdy. Bu hünär işi ýaşlaryň ählisiniň göwnünden turup, olar toýundan dürli şekilleri ýasadylar, pikirleniş ukyplaryny kämilleşdirdiler.

Toýundan dürli hili şekiljikleri ýasamak çagalaryň elleriniň hereketiniň ýygjamlaşmagynda, olaryň başarnyklarynyň artmagynda iň bir täsirli usullaryň biridir.

Wagtlaryny hoş geçirmäge ýardam eden öwreniş okuwlaryndan soňra, çagalara «Studio Ceramic» tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu barada studiýanyň sosial media ulgamyndaky sahypalarynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň