Soňky habarlar

Arhiw

40 we 113 belgili awtobuslaryň ugurlary üýtgedildi

21:1027.03.2023
2
61819

Aşgabat şäherinde hereket edýän 40-njy we 113-nji belgili şäheriçi awtobuslaryň gatnawlaryna üýtgetme girizildi. Bu barada «Türkmemawtoulaglary» agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan, raýatlaryň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 29-njy martyndan başlap 40-njy «Gurtly – Parahat» we 113-nji «Awtokombinat – Gurtly» ugurlary Görogly köçesi bilen hereketini dowam edip Taslama köçäni kesip geçer. Olaryň Gurtly ýaşaýyş toplumyna tarap demirgazyklygyna üýtgedilen görnüşde hereket etjekdigini «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy raýatlaryň dykgatyna ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň