Soňky habarlar

Arhiw

Wýaçeslaw Wolodin Aşgabada geldi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Tähranda Azerbaýjanyň ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy, Türkmenistan we Germaniýa Aşgabatda syýasy geňeşmeler geçirdi we beýleki habarlar

11:0730.01.2023
0
30293

Türkmenistanda

1. Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Wekiliýetiň resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklar meýilleşdirilýär. Russiýanyň we Türkmenistanyň parlament agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen hem-de diplomatik missiýanyň işgärleriniň ýogalmagyna we ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar. «Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar» – diýlip, türkmen daşary syýasat edarasynyň köpçülige ýetirilen beýannamasynda bellenilýär.

3. Türkmenistanyň we Germaniýanyň wekiliýetleri Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini aýtdylar. Hususan-da, taraplaryň adam ölçegi ugrundaky gepleşikleri dowam etdirmek baradaky özara gyzyklanmasy beýan edildi.

4. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna gatnaşmak üçin Aşgabada ýurduň ähli welaýatlaryndan wekiller gatnaşdylar. Wekiller «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäde

5. Arktika we Antarktida ylmy-barlag institutynyň wekilleri ýaňy-ýakynda Antarktidadan bölünip aýrylan uly buzlugyň eremegi üçin näçe wagtyň gerek boljakdygyny çakladylar. Alymlar aýsbergiň doly ýok bolmazdan ozal birnäçe ýyl durjakdygyny anykladylar. Bu aýsbergiň meýdany, takmynan, 1,5 müň inedördül kilometre deňdir. Şeýle-de bolsa, hünärmenler buz gatlagynyň bölünmeginiň tebigy hadysanyň bir bölegidigine we global ýylylyk bilen baglanyşykly däldigine ynanýarlar.

6. Gonkongly robotehnikler «Terminator-2» filmindäki gaty haldan suwuk ýagdaýa geçip bilýän «T-1000» robotynyň nusgasyny döretdiler. Üýtgeýän roboty döredijileriň bellemeklerine görä, olar osminog we deňiz hyýary ýaly ummanyň käbir ýaşaýjylarynyň ýagdaýa baglylykda, bedeniniň dykyzlygyny üýtgetmek ukybyndan ruhlanypdyrlar.

7. Ispaniýa 7-nji fewralda jemgyýetçilik ulaglarynda hökmany örtük dakynmak talabyny aradan aýrar. Bu barada Ispaniýanyň saglygy goraýyş ministri Karolina Darias žurnalistler bilen duşuşygynda aýtdy. Ispaniýa örtük düzgüni henizem hereket edýän Ýewropadaky iň soňky ýurtlaryň biridir.

Sport habarlary

8. Türkmenistanda ilkinji we ýeke-täk kýorling bölümi Aşgabatda açyldy. Kýorling bölümi Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň binýadynda hereket edýär. Häzirki wagtda 13 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky oglanlar we gyzlar professional ýetginjekler toparyna saýlanylýar. Türgenleşikler 2020-nji ýylda Bütindünýä Kýorling federasiýasynyň wagtlaýyn agzasy derejesini alan Türkmenistanyň Kýorling federasiýasynyň hemaýat bermeginde geçirilýär.

9. Aşgabadyň «Migrasiýa» topary naýbaşy liganyň erkekler toparlarynyň arasynda 2022/23-nji möwsümde woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Topar bu üstünligi türkmen hünärmeni Hakberdi Söýünowyň ýolbaşçylygynda gazandy. Bäsleşik iki tapgyrda – 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli aralykda geçirildi. Çempionatda ikinji orny Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi» topary eýeledi, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli Goşun» kluby ilkinji üçlügi tamamlady.

10. Türkmen dzýudoçylary 2023-nji ýylyň 4-5-nji fewraly aralygynda Parižde (Fransiýa) geçiriljek «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşarlar. Ýaryşda Türkmenistana 10 dzýudoçy wekilçilik eder. Pariždäki ýaryşlaryň aýratynlygy ony iki günüň dowamynda geçirmäge mümkinçilik berýän bäş sany tataminiň ulanylmagydyr. Öňde boljak «Uly tuwulga» ýaryşyna 85 ýurtdan 552 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň