Top.Mail.Ru

Antarktidadaky bölünen buzdagy birnäçe ýylda erär

13:0028.01.2023
0
57684
Antarktidadaky bölünen buzdagy birnäçe ýylda erär
Surat: mir24.tv

Rus alymlar golaýda Antarktidada bölünen aýsbergiň eremeginiň näçe wagta çekjekdigini hasapladylar. Buzdagy birnäçe gün mundan öň Brant buzlugyndan bölünipdi diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Arktikanyň we Antarktidanyň ylmy-barlag institutynyň wekilleri aýsbergiň doly ýumrulmagy üçin birnäçe ýylyň gerekdigini anykladylar, geljekde ol ýeterlik uzak wagtlap, saý ýere batar.

Ýöne buzdagyň ýüzüşe ugramagy-da mümkin, akym ony ilki günbatara, soňra demirgazyga äkider. Gün şöhlesidir ýyly suwuň hem-de tolkunlaryň urgusy netijesinde aýsberg has ownuk böleklere dargar hem-de doly eräp ýok bolar.

Aýsbergiň meýdany 1550 inedördül kilometre deň, bu takmynan Londonyň meýdanyna deňdir. Alymlar buzdagyň bölünmegini ählumumy maýlama däl-de, tebigy hadysalar hökmünde düşündirýärler.

Alymlar onuň astyndan dürli jandarlaryň köp sanlysyny tapdylar diýlip, habarda bellenýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň