Turkmenportal logo
25.01.23
3840938409
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Antarktidada Londonyň meýdanyndaky buzdagy bölündi
Surat: naked-science.ru

Beýik Britaniýanyň Antarktida gullugy (BAS) meýdany London şäherine deň bolan täze özbaşdak buzdagyň (aýsberg) emele gelendigini habar berdi. Bu barada «Adevarul» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Ýagny meýdany 1550 inedördül kilometr bolan buz bölegi Antarktidadaky Brant buzlugyndan bölünip aýryldy.


Buzdagyň galyňlygynyň 150 metre deňdigi aýdylýar. Bu ýagdaý ählumumy maýlama bilen däl-de, buzlukdaky tebigy üýtgeşmeler bilen baglydyr.