Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ» Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar

12:2420.01.2023
0
49376

1. Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň Türkmenistana iş sapary Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine barmak bilen başlandy. RF-niň Hökümetiniň Başlygy türkmen diliniň we rus döredijiliginiň synp otaglary, sport we mejlisler zallary, şeýle hem türkmen we rus edebiýatynyň nusgalary saklanýan kitaphana bilen tanyşdy.

Soňra RF-niň Hökümetiniň Başlygy Türkmen-rus işewürlik maslahatyna gatnaşdy we onuň dowamynda türkmenistanly kärdeşlerini 2023-nji ýylda Russiýada meýilleşdirilýän birnäçe halkara taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy. «<…> Türkmenistanly kärdeşlerimizi şu ýylyň maý aýynda Kazanda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Mihail Mişustin belledi.

«KAMAZ» Türkmenistana iki sany elektrobus we Türkmenistanyň howa şertlerinde tehniklaryň test barlaglaryny geçirmek üçin ultraçalt zarýad stansiýasyny ýerledi. Bu barada Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda «KAMAZ» AGPJ-niň baş direktory Sergeý Kogogin habar berdi. Bu täze tehnika Ahal welaýatynyň häkimine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine we Aşgabadyň Ýolagçy awtoulag kärhanasyna tanyşdyryldy. <...> «KAMAZ» Türkmenistan üçin zerur bolan mukdarda elektrobuslaryny ýerlemäge taýyndyr» – diýip, «KAMAZ-yň» ýolbaşçysy belledi.

«Tatarstan Respublikasynda türkmenleriň milli we medeni özbaşdaklygyna uly üns berýäris. Häzirki wagtda olardan 3 müňden gowrak adam bar» – diýip, Tatarstanyň Prezidenti Rustam Minnihanow 19-njy ýanwarda Aşgabatda badalga alan forum dowamynda belledi. Şeýle hem Minnihanow Tatarstanyň Russiýanyň senagat taýdan ösen sebitleriniň biridigini we türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.

2. Aşgabatdaky «Türkmen howa ýollarynyň» awiakassasynda elektron uçar peteklerini yzyna gaýtarmak üçin penjire açyldy. Pul serişdeleri doly ýa-da belli bir ýagdaýa baglylykda, bölekleýin yzyna gaýtarylyp bilner. Elektron petegiňizi uçuş üçin resmileşdirilmezden 24 sagat ýa-da has öň ýatyrmak kararyna gelen bolsaňyz has amatly bolýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy www.turkmenistanairlines.tm saýtyndan başga saýtlardan satyn alnan petekler

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Aleksandr Nowak bilen iş maslahatyny geçirdi. Taraplar Russiýa bilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, elektroenergetikada, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we parahatçylykly atom ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Rus kompaniýalary enjamlary ýerlemek boýunça ýerli potratçylary çekmek bilen Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Nebit kompaniýalary Türkmenistanyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýardyrlar.

4. Öňümizdäki günleriň dowamynda Türkmenistanda göze görnüp duran ýylylyga garaşylmaýar. Gündelik ortaça temperatura kadadan pes ýagdaýda saklanar. Käbir günorta etraplardan başga, ýurduň köp böleginde gündelik ortaça temperatura noldan pes bolar. Ýurduň howasyna henizem Russiýanyň Ýewropa sebitlerinden demirgazyk we merkezi Gazagystana tarap hereket etjek antisiklon täsir edýär.

5. Daşkent bilen Nowosibirskiň arasynda göni otly gatnawy 2023-nji ýylyň 2-nji fewralyndan işe giriziler diýip, «Uzbekiston temir ýullarynyň» metbugat gullugy habar berýär. Halkara otly aýda dört gezege çenli hereket eder. Daşkentden Nowosibirskä ilkinji gatnaw 2-nji fewralda, yzyna bolsa – 5-nji fewralda meýilleşdirilýär. Petekler kassada we bölekleýin özbek hem-de rus demir ýollarynyň saýtlarynda elýeterlidir.

6. «Apple» iň gymmat haryt nyşany derejesini ýitirdi, indi bu orny Amerikanyň «Amazon» IT kompaniýasy eýeleýär. Onuň bahasy 299,3 milliard dollar möçberinde kesgitlenýär, şol bir wagtyň özünde «Apple» bolsa 297,5 milliard dollar görkezijä çenli pese düşdi. Iň gymmat 500 kompaniýalaryň we korporasiýalaryň sanawyna «Sber», «Gazprom» we «Lukoýl» ýaly käbir rus haryt nyşanlary hem girizildi.

7. Belarus futbol agenti Wladimir Osipow «Gomel» toparynyň Türkmenistan milli ýygyndysynyň derwezebany Rahat Japarowa gyzyklanma bildirýändigi hakyndaky maglumat barada gürrüň berdi. «Oýunçynyň topara geçmek mümkinçiligi bilen baglanyşykly ýagdaý kynçylyk döredýär. Topar ony synaga çagyrmak isleýär, Rahat bolsa synagsyz, göni şertnama almak isleýär. Olaryň ikisine-de düşünip bolar. <...> Häzirlikçe gepleşikler dowam edýär» – diýip belledi.

8. Türkmenistanyň tennisçiler topary Bahreýnde tamamlanan Aziýa çempionatynyň(U-14) iki saýlama ýaryşynyň netijeleri boýunça bürünç medala eýe boldular. Birinji saýlama ýaryşyna Türkmenistandan gatnaşýan Ilima Guseýnowa, şeýle hem Imran Ahundow we Selim Çagylow ikinji orny eýelediler. Ilima Guseýnowa bu üstünligi ýekebara ýaryşda, Imran Ahundow we Selim Çagylow bolsa jübütlik ýaryşynda gazandy. Ikinji saýlama ýaryşyny türkmenistanly tennisçi gyzlar gyrgyzystanly türgenlerden üstün çykmak bilen başlady. Ýöne özbegistanly garşydaşlar bilen ýarym final oýunlarynda şowlulyk gyzlarymyzdan ýüz öwürdi. Şeýlelik bilen, gyzlaryň arasynda ýekelikde 3-nji ornuň ykbaly türkmen tennisçileriniň özara bäsleşiginde çözüldi, şonda ýurdumyzyň iň ezber tennisçisi Ilima Guseýnowa, garaşylyşy ýaly, Natalýa Martynowadan üstün çykdy – 6:1, 7:5. Toparlaýyn ýaryşda Özbegistanyň tennisçileri birinji orna mynasyp boldular. Ikinji orny gyrgyzystanly türgenler eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň