Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa energetika ulgamynda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär

21:4619.01.2023
0
38311
Russiýa energetika ulgamynda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär
Surat: goverment.ru

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdyrahmanow Aşgabada gelen Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Rus elektron neşirleriniň berýän habaryna görä, taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň nebit-gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda Russiýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň elektrik energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky hyzmatlaryny hödürleýärler. Nebit kompaniýalary Türkmenistanda ýataklary özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýyn. Şeýle hem duşuşykda nebit we gaz üpjünçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, gaz infrastrukturasyny gurmak we Hazar deňzinde daşky gurşaw howpsuzlygyny goramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Ýurtlarymyz we halklarymyz ýakyn dost hem-de ygtybarly hyzmatdaşlar bolup, iki halky synagdan geçen we köp asyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Moskwa we Aşgabat deňlik, birek-birege hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerine üns bermek esasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyr – diýip, wise-premýer Aleksandr Nowak belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň