Mihail Mişustin A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine baryp gördi

18:3019.01.2023
0
51831
Mihail Mişustin A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine baryp gördi
Surat: goverment.ru

Habar berşimiz ýaly, şu gün Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti sapar bilen Aşgabada geldi.

Russiýanyň Hökümetiniň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, M.Mişustin saparynyň çäklerinde Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebine baryp gördi.

Hormatly myhman mekdebiň türkmen dili synp otagyna, sport zalyna, rus edebiýaty synp otagyna, mejlisler zalyna aýlandy, şeýle-de mugallymlar we mekdep okuwçylary bilen söhbetdeş boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň