Mişustin Türkmenistanyň wekillerini «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy

23:3919.01.2023
0
38165

Ozal habar berşimiz ýaly, işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi.

Forumyň umumy mejlisinde eden çykyşynda Mihail Mişustin Türkmenistanyň wekillerini Russiýada şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilen iri çäreleriň birnäçesine, hususan-da, «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

«Şol ýerde maliýe, maýa goýum, telekeçilik inisiatiwasy, ýokary tehnologiýaly senagat we beýlekiler boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkin bolar» diýip, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy aýtdy.

Şeýle hem M.Mişustin GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlislerine, «Ýewraziýa — biziň öýümiz» kooperasiýa taslamalarynyň sergisine, Ýewraziýa kongresine, Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra RF-niň Hökümetiniň Başlygy sebitleýin goşulyşmak görnüşindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýtdy. Türkmenistanyň goşulyşmak işlerine gatnaşmagynyň ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsir etjekdigi hem-de Hazarýaka «bäşligine» girýän ähli ýurtlar üçin peýdaly boljakdygy, köp sanly taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň