Turkmenportal logo
19.01.23
2569125691
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Amazon» dünýäniň iň gymmat haryt nyşany boldy
Surat: pplware.sapo.pt

Dünýäde iň iri onlaýn-riteýleriň biri bolan «Amazon» kompaniýasy «Brand Finance Global 500» reýtinginde dünýäniň iň gymmat brendi diýlip yglan edildi. Ol geçen ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, öz nyrhynyň 51 milliard dollaryny ýitirendigine garamazdan, öňki gymmat brend bolan «Appleden» hem öňe saýlanmagy başardy diýip, «Trend» ýazýar.


«Apple» kompaniýasynyň bu ýylky reýtingde ikinji orna düşendigi habarda aýdylýar, kompaniýa geçen ýyldan bäri 16 göterim arzanlady we häzir 297,5 milliard dollara deňdir.


Öňdäki orunlaryň bäşligi geçen ýyldakydan üýtgewsizligine galdy, üçünji orny «Google» (281,4 mlrd dollar), dördünji orny «Microsoft» (191,6 mlrd) we bäşinji orny «Walmart» (113,8 mlrd dollar) eýeledi.