Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy, 17-nji dekabrda Türkmenistanda ilat ýazuwy başlanýar, «Turkish Airlines» Türkmenistanyň raýatlary üçin PZR-barlagyny aradan aýyrdy

10:0916.12.2022
0
24304

1. Türkmenistanyň Baş arçasynyň müňlerçe yşyklary Täze ýylyň ýetip gelýändigini buşlap ýandylar. Däp bolşy ýaly, bu waka hemmeleriň söýgüli baýramçylygyna mahsus bolan ertekiler dünýäsini ýatladýan owadan bezegler bilen bezeldi. Aýazbaba we Garpamyk Baş arça barmazdan ozal, paýtagtyň Arçabil şaýoly boýunça gezelenç etdiler. Gezelenjiň ugry ninistrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalarynyň üstünden geçdi, bu ýerde arzyly myhmanlary bezelen arçalaryň töwereginde toplanan çagalar, talyp ýaşlar we Aşgabadyň döredijilik toparlary garşy aldylar.

2. TM CELL aragatnaşyk operatorynyň abonentlerine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinden 17-nji dekabrda ýurtda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň başlanýandygyny ýatladýan SMS-habarnamalary gelip başlady. Ýatlatsak, bu ýyl ilat ýazuwy ilkinji gezek sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen geçiriler. Sowal-jogabyň 20-30 minut dowam etmegine garaşylýar. Ilat ýazuwyny amala aşyrýan hünärmenleriň her birinde degişli şahadatnama we ýörite lybas – ilat ýazuwynyň resmi nyşany ýerleşdirilen ýaşyl keltekçe we şol reňkdäki ýantorba bolar.

3. «Turkish Airlines» Stambuldan Aşgabada we Türkmenbaşa howa gatnawlarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin PZR-barlagyny aradan aýyrdy. Ähli ýolagçylar Türkmenistanyň howa menzillerine gelenlerinde PZR-barlagyny tabşyrarlar. Daşary ýurtly ýolagçylar stambuldan uçanlarynda bellige alyş nokatlarynda PZR-barlagynyň ýa-da uçuşdan 48 sagat öň geçirilen antibedenjikleriň barlagynyň oňyn däl netijesini görkezmelidirler.

4. Belorussiýanyň «Belawia» awiakompaniýasy Türkmenistana täze tertip boýunça uçuşlary amala aşyryp başlady. 13-nji dekabrdan 21-nji marta çenli Minsk – Türkmenbaşy – Minsk ugry boýunça uçuşlar gündelik ýerine ýetiriler. Ozal bu ugur boýunça uçuşlar iki hepdeden bir gezek amala aşyrylýardy. Uçuşlar Braziliýanyň «Embraer E195» uçarynda amala aşyrylýar. Uçarlar 125 adam üçin niýetlenendir.

5. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýet taryhy institutyndan Alekseý Kasparow we Natalýa Solowýowa 2019-njy ýylda Ýylgandly depe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan iki tapyndy bilen tanyşdyrdylar. Arheologlar iri ýyrtyjy pişigiň iki süňküni tapdylar. Soňky barlaglar olaryň gaplaňa degişlidigini görkezdi. Olaryň tapylan gatlagy b.e. öňki 3-nji müňýyllygyň başlaryna degişlidir. Arheologlar täze tapyndylaryň häzirki Türkmenistanyň günortasyndaky eneolit döwründe iri ýyrtyjy pişikleriň awlanandygynyň ilkinji we şu wagta çenli ýeke-täk subutnamasydygy barada netijä geldiler.

6. Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Gün tertibiniň çäklerinde partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň we welaýatlardaky bölümleriniň, derňew toparynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi, guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna biragyzdan Saparmyrat Owganow gaýtadan saýladylar.

7. Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan heläkçilikleriň we tebigy betbagtçylyklaryň netijeleri boýunça halas ediş işlerinde birek-birege kömek ederler. Bu resminama Gazagystanyň parlamentiniň Senatynda tassyklandy. Täze şertnamalar taraplara adatdan daşary ýagdaýlary çaklamak, ilaty howp abanýan we ýüze çykan halatynda herekete taýýarlamak boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.

8. Türkmenistanyň Logistika merkezi iki ýylyň içinde Astrahan sebitinde peýda bolar. Sebitiň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolinskiniň bellemegine görä, bu merkezi portuň ýörite ykdysady zolagynda, Olýa portunda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ol ýerde logistika merkezleriniň we ammarlaryň gurluşygy üçin ýerler bar. Şeýle hem Wolinskiý taslamany durmuşa geçirmek barada Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň hökümetleriniň derejesinde ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.

9. Britan aktýory Genri Kawill «DC Comics» kino äleminiň ýolbaşçylary bilen duşuşandan soň Supermeniň janköýerleri üçin gynançly habar berdi. Aktýor resmi taýdan Klark Kent keşbini terk edýär. Ozal täze “Supermen” filminiň gahrymanyň durmuşynyň ilkinji ýyllaryna gönükdiriljekdigi habar berlipdi, şonuň üçin hem Kawil bu filmde surata düşüp bilmez.

10. Saud Arabystanynyň Özygtyýarly gaznasy Er-Riýadyň golaýynda Dubaýyň «Burj Halifa» binasyndan hem iki esse belent 2 kilometrlik binany gurmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Saud Arabystanynyň iň beýik binasy Abraj al-Beýt binalar toplumynyň düzümine girýän Mekgedäki sagat diňi hasaplanýar, onuň beýikligi 601 metrdir. Geljekki binanyň umumy meýdany 18 müň inedördül metr bolar. Bu taslamanyň bahasy, takmynan, 5 milliard dollardyr.

11. 55 ýyl ozal Günorta Afrikaly lukman Kristian Barnard lukmançylyk taryhynda ilkinji bolup donordan hassa ýürek transplantasiýasyny üstünlikli geçirip, transplantasiýa döwrüniň başyny başlady. Ynsan ýüregini göçürmek synanyşyklary öň hem edilipdi, ýöne bularyň hemmesi hassanyň ölümi bilen tamamlandy, sebäbi transplantasiýa üçin şimpanze ýüregi ulanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň