Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanlylar ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň başlanýandygy barada SMS habarnama görnüşindäki ýatlatmalary alyp başladylar

12:2415.12.2022
0
58327

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň abonentlerine Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň başlanýandygy barada SMS habarnama görnüşindäki ýatlatmalary ugradylyp başlandy.

SMS habarnamada, hususan-da, şeýle ýazylypdyr:

«Hormatly ildeşler! Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady döretmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji 27-nji dekabry aralygynda «Ilat ýazuwy-2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek!» şygar bilen Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Agzybirlikde ilat ýazuwyna gatnaşalyň, öz geljegimizi bilelikde kesgitläliň! TürkmenStat».

Ýeri gelende bellesek, şu ýylky ilat ýazuwynda ilkinji gezek sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylmagyna garaşylýar. Ýazuw kagyzlaryny doldurmaga 20-30 minutdan uzak wagt gitmeýär. Olary doldurmak üçin hasaplaýjylar adamyň şahsyýetini we ýaşaýan ýeriniň salgysyny görkezýän resminamalary talap etmeýärler. Maşgalanyň ähli agzalary üçin maşgalabaşynyň özi hem jogap berip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň